Guterriş Afrika ýurtlarynyň BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň hemişelik agzalary boljakdygyny aýtdy

Guterriş Afrika ýurtlarynyň BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň hemişelik agzalary boljakdygyny aýtdy

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş Afrika ýurtlarynyň golaý wagtda guramanyň Howpsuzlyk geňeşiniň hemişelik agzalygyna kabul ediljekdigini habar berdi diýip, TASS ýazýar.

Afrika ýurtlarynyň BMG-niň HG-iniň düzümine girmegi üçin çynlakaý päsgelçilikler ýeňlip geçildi. Ýagny Afrikanyň iki ýurdunyň Howpsuzlyk Geňeşe hemişelik agza bolmagy barada ylalaşyk gazanyldy. Men wezipämde möhletim dolýança, Afrika ýurtlarynyň geňeşe agza bolandygyny görmäge ýetişerin diýip, ynanýaryn diýip, Guterriş nygtady.

Baş sekretaryň pikirine görä, Ahlumumy Günortanyň BMG-niň işine täsiri örän ýokarydyr. Olar dünýä jemgyýetçiliginiň köplügini aňladýarlar hem-de guramanyň işine aýgytly täsir edýärler.

Ýene degişli makalalar

BMG-niň Baş sekretary ösüp barýan ýurtlara syýasatda ýeterlik ses berilmeýändigini aýtdy
Türkmenistanyň Prezidenti Kazanda BMG-niň Baş sekretary bilen duşuşdy
Serdar Berdimuhamedow Antoniu Guterrişi BMG-niň güni bilen gutlady
Hakan Fidan Ahmed Abu Gaýt bilen duşuşyk geçirdi
Tatar Grekler Bilen Resmi Gepleşiklerden Çetde Durcakdyklaryny Beýan Etdi
BMG-niň Baş sekretary BRIKS guramasyna gatnaşmak meýli barada habar berdi