Hepdelik tapgyrlaýyn gepleşigimiziň nobatdaky sanynda BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterreşiň Mongoliýa sapary hakynda durup geçmek isleýäris.
2022-nji ýylyň 8-nji awgustynda BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterreş Prezident Uhnaagiýn Hurelsuhyň çakylygyna laýyklykda resmi sapar bilen Mongoliýa bardy. 9-njy awgustda Mongoliýanyň Prezidenti Ulan-Batorda Guterreşi resmi dabara bilen garşylady. Resmi garşylama dabarasyndan soň Prezident Hurelsuh we Guterrreş özara duşuşyk geçirdiler.
BMG-niň Baş sekretary Guterreş saparynyň çäginde Mongoliýanyň Mejlisiniň Başlygy Zandanshatar Gobgajaw, Premýer-ministri Luwsannamsraýn Oýun-Erdene we Mongoliýanyň Daşary işler ministri Batmunh Battsetseg bilen ikiçäk duşuşyklar geçirdi.Mongoliýanyň Daşary işler ministri bilen geçirilen duşuşykdan soň jurnalistler üçin metbugat ýygnagyny guraldy.
Antoniu Guterreş metbugat ýygnagynda Mongoliýayň sebitleýin parahatçylyga goşýan oşandyna ünsleri çekdi.Mälim bolşy ýaly Mongoliýa 2021-nji ýylyň dekabr aýynda Ýadro ýaraglarynyň gadagan edilmegi hakynda ylalaşygy tassyklapdy.BMG-niň Baş sekretary aýratynam dünýäde gender deňliginiň ýola goýulmagy boýunça Mongoliýanyň nusgawy häsýete eýedigini beýan etdi.
Antoniu Guterreş saparynyň çäginde şäheriň golaýynda nahal oturdy. Mongoliýanyň Prezidentiniň başladan “million nahal oturtma” kampaniýasyna BMG-niň Baş sekretarynyň goldaw bermegi resmi Ulan-Bator üçin möhüm ähmiýete eýe. Sebäpli gurakçylyk we çölleşme Mongoliýa üçin uly mesele bolup durýar. Ýurduň territoriýasynyň 8 göterimi tokaýlyk meýdandan ybarat we Mongoliýanyň günortasy doly çölleşen ýagdaýda.
BMG-niň Baş sekretary BMG-niň Ulan-Batordaky ofisine baryp gördi.Ulan-Batordaky BMG-niň Hemişelik ofisinde Deňize çykalgasy bolmadyk, Yzagalak ýurtlaryň ylmy-barlag merkezi ýerleşýär.Mongoliýa tarapyndan teklip edlen Demirgazyk-gündogar Asiýanyň howpsuzlygy üçin Ulan-Bator dialogy dowam etdirilýär.
Adybir “Ulan-Bator dialogynyň” çäginde 2013-nji ýyldan bäri 7 sany halkara maslahat geçirildi.Aýratynam Mongoliýa BMG-niň Parahatçylyk güýjüni işjeň gatnaşýar.
2022-nji ýylyň 5-nji iýunynda Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow 8-nji awgustda Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministri Wang Li Mongoliýa sapar guradylar. Russiýa bilen Hytaýyň arasynda ýerleşýän Mongoliýa daşary syýasatda adybir ýurtlaryň arasynda gysylyp galmak islemeýär. Şol sebäpli Mongoliýanyň “Üçünji goňşy” doktrinasy we BMG platformasy möhüm ähmiýete eýe.
Mongoliýanyň premýer-ministri Oýun-Erdene BMG-niň Baş sekretary bilen bolan duşuşygynda ýurduň demirgazygynda guruljak gidroelektrik bekedi üçin syýasy goldaw sorady. Hytaýdan alynjak karz bilen guruljak GEB taslamasy Russiýanyň ÝUNESKO şikaýat etmegi sebäpli bes edilipdi. Şol taslama Mongoliýanyň energiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmegi taýdan möhüm. Sebäbi energetika taýdan Mongoliýa Russiýa garaşly bolmagynda galýar.
Dünýä syýasatynda bloklaşmanyň güýçlenýän döwründe Mongoliýanyň daşary syýasatda deňagramlylyk syýasatyny dowam etdirmegi möhüm bolup durýar. Şol jähtden BMG-niň Baş sekretarynyň 13 ýyl soň Mongoliýa sapar guramagy, Mongoliýa üçin möhüm wakadyr.