Gustawo Petro kasam kabul etdi

Kolumbiýanyň Prezidenti Gustawo Petro 7-nji awgustda kasam kabul edip, Bogotanyň Boliwar meýdanynda geçirilen dabarada wezipesine girişdi. Ol “Taryhy şertnama” partiýasyna wekilçilik edýän Kolumbiýanyň ilkinji Prezidenti boldy. Parlamentiň başlygy Roý Leonardo Barreras Prezidentiň häkimiýetiniň nyşanlaryndan biri bolan milli baýdagyň reňkindäki lentany hem-de parahatçylygyň nyşany hökmünde kepderi şekilli nyşany Gustawo Petronyň döşüne dakdy.

Şeýle hem, täze wise-prezident Fransiýa Markes kasam kabul etdi. Dabaraly çäräniň hormatly myhmanlarynyň arasynda Ispaniýanyň koroly Filip VI, Argentinanyň Prezidenti Alberto Fernandes, Boliwiýanyň Prezidenti Luis Arse, Paragwaýyň Prezidenti Mario Abdo Benites, Çiliniň Prezidenti Gabriel Boriç we Ekwadoryň Prezidenti Gilermo Lasso bar.

Gustawo Petro şu ýylyň 19-njy iýunynda geçirilen saýlawlaryň ikinji tapgyrynda 50,4% sese eýe boldy.Onuň esasy bäsdeşi Rodolfo Ernandes 47,3% sese eýe boldy.

Korrupsiýa garşy göreş, arassa energiýa çeşmeleri arkaly nebitiň we kömüriň ulanylmagyny azaltmak, oba hojalygy bilen meşgullanýan kiçi we orta kärhanalara salgyt salynmagyny azaltmak we tutuş ýurdy internet bilen üpjün etmek täze Prezidentiň maksatnamasynyň esasy ugurlary bolup durýar. Şeýle hem, Petro käbir ýurtlar bilen kesilen diplomatik gatnaşyklaryny dikeltmek we ABŞ bilen erkin söwda şertnamasynyň şertlerini üýtgetmek baradaky pikirini birnäçe gezek mälim etdi.

Ýene degişli makalalar

Gustawo resmi ýagdaýda Kolumbiýanyň prezidentiniň wezipesine girişdi
Kopa Amerikada argentinaly tälimçileriň ussatlygy
Günorta Amerika döwletleriniň liderleri Türkiyä gynanç bildirdiler
Kolumbiýa UNASUR guramasynyň düzümine ýaňadandan goşular
Kolumbiýanyň Prezidenti öküz uruşlaryny gadagan etmek barada kanuna gol çekdi
Ýurduň iň ýaş Prezidenti wezipesine girişdi