Guşlar ussat inženerler

Guşlaryň içinde arydan kiçisem bar, goýundan ulusam.Guşlar işine iň ökde jandarlar hasaplanýar.Adam ýaly ses çykarýan jandar bolan totular hem guşlar maşgalasyndan.Pissedir hozy awtoýola taşlap, ony ulagyň döwmegine garaşyp, soňra datly iýmişi iýýän guşlar hem bar.

Irki döwürlerde bolsa, kepderiler hat gatnatmakda peýdalanylypdyr.Iň uzak aralygy dem-dynç almazdan geçip bilýän guşlar hem bar.Eýsem, guşlaryň inženerlik ukybynyň bardygyny eşidipmidiňiz?

Guşlaryň käsi deňiz kenaryndaky çägelikde, käsi belent dag gerişlerindäki gaýalyklarda, käbiri gür jeňňelliklerde, köpüsi agaç şahalarynda höwürtge ýasanýarlar.Olar duşmanlaryndan, ýagyndan, sowukdan goranmak üçin höwürtgäni ygtybarly ýerlerde ýasaýarlar.

Günorta Afrikada ýaşaýan dokmaçy (Philetairus socius) guşlar köpçülik bolup ýaşaýarlar we köp gatly höwürtgeleri gurýarlar.Guşlaryň bu görnüşiniň guran bir höwürtgesinde ýüzden gowrak maşgala ýaşaýar.Höwürtgeleriň iň ulusynyň beýikligi 7,5 metre, ini 3,5 metre barabar bolýar.

Höwürtgäniň girelgesi aşakda we gapdalda bolup, duşmanlary girip bilmez ýaly edilip gurulýar.Bu höwürtgelerde bir asyrdan bäri “ýaşalyp” oturylany hem az däl.

Guşlaryň köp bölegi höwürtgelerini ýaş ot-çöplerden örmek arkaly ýasaýar.Yssy ýerlerde ýaşaýan guşlaryň höwürtgelerinde ulanylan “material” we usul olaryň ýeterlik derejede salkyn bolmagyny hem üpjün edýär.Adatça, bu jandarlaryň aglabasy iýmit we suw tapmak üçin ilatly ýerlere golaý ýaşaýar.

Höwürtge agajyň ýabany haýwanlar baryp bilmejek derejede inçe, emma höwürtgäni göterip biljek derejede berk şahasynda gurulýar. Şeýle hem ownuk guşlar has iri guşlaryň girmezligi üçin gür şahalaryň arasynda höwürtgeleýär.

Höwürtgeleriň köpüsi daşyndan seredeniňde ýönekeý ýaly bolup görünse-de, örän çylşyrymly bolup, guş özi üçin zerur ähli zady göz öňünde tutýar.Guş höwürtgede ýumurtgalaýar, jüýje çykarýar we olary ulaldýar.

Alymlaryň soňky geçiren barlaglary, guşlaryň ýaz aýlarynda agaçlaryň şahalarynda höwürtgelerini ýasanlarynda öz bedenlerini mysal alýandyklaryny ýüze çykardy.Olar ýüpek ýaly ýeňil we ýumşak çöpjagazlardan berk we ýeňil höwürtge ýasaýarlar.

Haýsydyr bir sebäp bilen ýere gaçan höwürtgä duşsaňyz onuň ýeňildigi siziň hem ünsüňizi çeker.Käbir guşlar höwürtge ýasanlarynda çöpleri birleşdirmek üçin palçykdan hem peýdalanýar.Alymlar guş höwürtgesinde ulanylýan ýapyşdyryjy materiallaryň haýsy howa şertlerinde nähili gurap gataýandygyny öwrenip, ony binalarda ulanyp boljakdygyny belleýärler.

Höwürtgede perler we beýleki ýumşak zatlar hem-de gaty çöpler bilelikde ulanylýar.Guş onuň haýsyny iç tarapyna, haýsyny daşyna, aşagyna ýa-da ýokarsyna goýmalydygyny gowy bilýär.Hünärmenler höwürtgedäki binagärlik gurluşynyň inženerçilik, ýük gatnawy we önümçilik ýaly ugurlarda täze çözgütleri tapmaga kömek etjekdigini belleýärler.

Ýene degişli makalalar

Gyzylinjik
Nakgaş Allaberdi Öwezdurdyýew gözellik döretmegiň ussady
Hazar ýakasynyň mart aýyndaky sowuk şemaly guşlaryň ýazky göçüşine täsir etdi
Iň gowy öý gurujylar
Milli Liderimiz ýurdumyzyň taryhy, ýaş nesliň mukaddes borçlary hem-de wezipeleri barada umumy sapak geçdi
Sülgün guşy