Bir hepde çemesi mundan ozal, Mary welaýatynyň Owganystan bilen serhet ýakada ýerleşýän öňki Serhetabat etrabynda Guşgy derýasynyň suwy joşup, ekerançylyk meýdanlaryna zyýan ýetirdi, sebitdäki iri awtomobil ýolunyň ugrunda bir gün möhlet bilen ulag aragatnaşygy wagtlaýyn togtadyldy.
“Pamir daglaryndan gözbaş alýan suw akabalary ugruny üýtgedip, mundan bir hepde öň, Owganystan tarapdan gelen suw joşguny serhedi böwsüp geçdi we Türkmenistanyň territoriýasyndaky ekin meýdanlaryna zyýan ýetirdi.Suw joşguny ekerançylyga ýaramly meýdanlara çagyl daşlaryny süýşürip getirdi.
Serhediň alkymyndaky awtomobil ýolunda ulaglaryň gatnawy bir gün möhlet bilen wagtlaýyn togtadyldy” diýip, serhet ýaka sebitiň bir ýaşaýjysy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.
Owganystanyň çäginden gözbaş alýan Guşgy derýasy Turgundy serhet geçelgesiniň gapdaly bilen Türkmenistanyň serhedine girýär we Murgap derýasyna goşulýar. Türkmen çägindäki uzynlygy takmynan 120 km çemesi bolan derýa ýerli ýaşaýjylaryň oba hojalyk önümçiligine goşant goşýar.
Azatlyk Radiosynyň habarçylary ýaňy-ýakynda Mary welaýatynyň beýleki käbir künjeklerinde-de üç günläp dyngysyz ýagan ýagyşyň ekerançylyk meýdanlaryna zyýan ýetirendigini habar berdiler.
Meteožurnal neşiri, 15-nji aprele geçilen gije welaýatyň Baýramaly we Guşgy sebitinde güýçli ýagşyň ýagandygyny, ygalyň tas aprel aýynyň aýlyk kadasyna barabar möçberlerde bolandygyny habar berdi.
Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan serhetýaka ýaşaýjylar Owganystanda soňky ýyllarda Pamir daglaryndan gözbaş alýan suw akabalarynyň ugrunyň üýtgedilmegi netijesinde daşky gurşawa uly wehimleriň abandyrylýandygyny aýdýarlar.
Mälim bolşy ýaly, “Talyban” ýolbaşçylygyndaky owgan hökümeti Owganystanyň oba hojalyk pudagyny ösdürmek maksady bilen, 2022-nji ýylyň martynda Amyderýadan gözbaş alýan Koştepa kanalynyň gurluşygyna badalga berdi.Kanalyň birinji tapgyry geçen ýylyň oktýabr aýynda tamamlandy.
Daşky gurşaw goragçylary geçen ýylyň noýabr aýynda bu kanalyň bir kenarynyň böwsülmegi netijesinde, uly möçberlerdäki ekerançylyk suwlarynyň çöle siňendigini habar berdiler.Bu ýagdaý bolsa kanalyň gurluşygynyň hili babatynda käbir aladalary döretdi.
Türkmenistanyň günorta-gündogar nokadynda sil suwlarynyň Guşgy derýasynyň kenarlaryny böwsüp, zyýan çekmelere getirýän mahaly, ýurduň çäginde hasaba alynýan adatdan daşary tebigy hadysalar, ekologiýa wehimleri ilat arasynda aladalara ýol açýar.
Şol bir wagtda, günbatar Türkmenistanda Azatlyk Radiosynyň habarçylary bilen söhbetdeş bolýan ýerli ýaşaýjylar Hazar deňziniň suwunyň “öz gözleriniň öňünde çekilip barýandygyny” aýdýarlar.
“Öňler deňziň kenarynda ýerleşýän myhmanhanalarda deňiz bilen myhmanhanalaryň aralygy 50 metr bolan bolsa, häzir deňziň suwy myhmanhanalaryň çäginden 70-80 metr töweregi çekildi” diýip, bir türkmenbaşyly ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.
Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ýurduň çäginde bolup geçýän adatdan daşary howa hadysalary, tebigy hadysalar barada habar bermeýär.
Suw joşguny bolup geçen Guşgy derýasy günorta-gündogar sebitiň suw çeşmeleriniň biri bolup, bu suw akabasyna parallel akýan Kaýsar derýasy hem Owganystandan gözbaş alýar. Bu derýalaryň ikisi-de Murgap derýasyna baryp guýýar.
Jemi uzynlygy 980 km çemesi bolan Murgap derýasy hem Pamir daglaryndan gözbaş alýar. Bu derýanyň 540 kilometrlik esasy bölegi Türkmenistanyň çäginden geçýär.
Guşgy derýasy mart, aprel aýlarynda bol suwly bolýar, ýöne tomus paslynda bu derýanyň suwy tas gurap, ep-esli çekilýär.
Türkmenistanyň günorta we gündogar sebitlerini kesip geçýän iri derýalaryň ählisi, şol sanda Amyderýa, Murgap derýasy, Guşgy, Kaşan we Kaýsar derýalary öz gözbaşyny Owganystanyň çäginden alyp gaýdýar.
Türkmen resmileri martyň başynda “Talyban” ýolbaşçylygyndaky owgan hökümeti bilen Aşgabatda duşuşyp, beýleki meseleler bilen bir hatarda, serhetaşa derýalardan peýdalanylmagynda halkara kadalarynyň berjaý edilmegini maslahat etdiler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.