Awiasiýa pudagynda iş alyp barýan iri kompaniýalaryň biri bolan “Airbus” geljegiň uçar nusgasyny taýýarlady. Ýyrtyjy guşy ýadyňa salýan bu howa gämisi geljekki awiasiýa inženerlerini täzelikçi tehnologiýalary döretmäge höweslendirmek maksady bilen taýýarlanypdyr. Şeýle hem kompaniýanyň inženerleri alnyp barylýan gibrid tehnologiýa ünsi çekmek üçin şeýle täsin uçar nusgasyny işläp düzüpdirler.
Bu täze dizaýn Angliýadaky “Royal International Air Tattoo” çäresiniň çäklerinde “Airbus”-yň esaslandyrylmagynyň 50 ýyllygyna bagyşlanyp tanyşdyryldy.Bu nusgalyk dizaýn sebitleýin uçuşlarda ulanylýan gibrid, turbo hereketlendirijili perli uçar bolup, onuň guýrugy we ganatlary guşuňka meňzeýär.
Kompaniýanyň ýolbaşçysy Martin Aston awiasiýa pudagyny has arassa, “ýaşyl” we sessiz bolmagy üçin tagalla edýändiklerini aýdýar.Ol tebigatda dizaýn babatda bioöýkünme arkaly öwreniljek zadyň köpdügine “A350WXB” ýolagçy uçarlaryny işläp taýýarlanlarynda göz ýetirendiklerini belleýär.Hakyky uçaryň dizaýny däl hem bolsa, bu nusga geljekde uçaryň daşky şekiliniň nähiliräk boljakdygy barada düşünje berýär.