Düýn 9-njy fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna laýyklykda, şu ýylyň dowamynda gurlup ulanylmaga beriljek durmuş maksatly binalardyr desgalar barada hem aýdyldy. Bellenilişi ýaly:
umumy meýdany 430 müň inedördül metr bolan ýaşaýyş jaýlary;
5360 orunlyk umumybilim edaralary;
1200 orunlyk mekdebe çenli çagalar edaralary;
Aşgabat şäherinde bir gije-gündizde 150 müň kub metr agyz suwuny arassalaýjy desga;
Dokmaçylar medeni merkezi;
Magtymguly Pyragynyň täze ýadygärligi we medeni-seýilgäh toplumy;
Parahat 7 ýaşaýyş toplumynda 13 sany döwrebap ýaşaýyş jaýy;
Halkara sagaldyş-dikeldiş hem-de Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezleri;
Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda sement zawodynyň ikinji tapgyry;
Ak bugdaý etrabynyň Öňaldy, Kaka etrabynyň Gowşut geňeşliklerinde täze, döwrebap obalar;
Balkan welaýatynda Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsi;
Jebel şäherçesinde Halkara howa menzili toplumy;
Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda sement zawodynyň ikinji tapgyry;
Mary şäherinde Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň täze edara binasy gurlup ulanmaga tabşyrylar.
Mundan başga-da, Aşgabat Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen Mary bölegi işe giriziler.