Gury üsgülewigiň tebigy bejergisi…

Gury üsgülewigiň tebigy bejergisi…

Gury üsgülewik üçin öýde peýdalanmak üçin bejergi usullary şulardan ybarat:

1. Bal

Üsgülewigiň ähli görnüşiniň bejergisi üçin peýdalanylýan bal, bilinýän iň gadymy azyklardan biridir. Baly, zenjebili, limony, dalçyny we gara burçy garyp içmek hem bokurdak hem-de gury üsgülewik üçin peýdalydyr. Tebigy şypalardan biri bolan bal, ýokançlaryň azalmagyna hem peýdalydyr.

2. Zenjebil

Aşgazan keselleri üçin peýdaly bolan zenjebil, gury üsgülewik üçin hem maslahat berilýär. Dem alyş ýollaryndaky myşsalaryň ýumşamagyny üpjün edip, üsgülewik refleksleriniň azalmagyny ýola goýýar. Bala goşulan zenjebil, çaý görnüşinde-de içilýär.

3. Sarymsak

Antibakterial we antiwiral güýji bolan sarymsak, gury üsgülewik üçin hem peýdalydyr. Sowuklamanyň simptomlaryndan biri görüşinde ýüze çykýan gury üsgülewik üçin sarymsak iýmek maslahat berilýär.

4. Zerdeçal

Zerdeçalyň gury üsgülewik üçin peýdalydygy bilinýär. Demgysma we gury üsgülewik ýaly simptomlaryň ýeňlemegi üçin maslahat berilýär. Zerdeçal çaý görnüşinde-de bala goşup hem içilip bilinýär.

5. Duzly suw

Duzly suw bilen bokurdagy çaýkamak, bokurdakdaky ýokançlaryň öňüni alýar. Bokurdagyň çyglylygyny üpjün edýär. Gury üsgülewigi azaltmak üçin duzly suw bilen agyz we bokurdak çaýkamak, gury üsgülewik sebäpli bokurdakda ýüze çykýan agyryny azaldar.

6. Ösümlik çaýlary

Bally, limonly ösümlik çaýlaryndan peýdalanyp, gury üsgülewigiň azalmagyny ýola goýmak mümkin. Narpyz, käkilik oty, zerdeçal, buýanyň köki we zenjebil ýaly ösümlik çaýlaryny içmek, gury üsgülewik üçin peýdalydyr.

7. Merjen köşk

Käkilik otunyň görnüşlerinden biri bolan merjen köşk, demgysga, bronhit we sowuklama ýaly ýarawsyzlyklaryň bejergisinde peýdalanylýar. Şol keseller bilen baglanşykly bolan gury üsgülewigi hem aýyrýar. 4 çaý çemçesi guradylan merjen köküni gaýnan suwda demläň. Günde 2 gezek içmek üsgülewigiň azalmagyny üpjün eder.

8. Buýanyň köki

Buýanyň köki, bokurdak agyrysynyň aýrylmagyna we bokurdagyň çyglylygynyň üpjün edilmegine peýdaly bolan elementleri özünde jemleýär. Buýanyň köki gury üsgülewik üçin hem peýdalydyr. 2 nahar çemçesi buýanyň köküni gaýnan suwa goşup, 10 minut demläň we süzüp içiň. Buýanyň köküni artykmaç içmek kelle agyrysyna we ýadawlyga sebäp bolup bilýär.

9. Alteý ösümliginiň köki

Dermanlyk ösümliklerden biri bolan alteýiň köki, bokurdagyň agyrysynyň bejergisinde peýdalanylýar. Umuman sirop ýa-da kakadylan görnüşde bolýan alteýiň köki, gury üsgülewik üçin hem peýdalydyr.

10. Käkilik oty

Käkilik oty bokurdakdaky myşsalary ýumşadyp, gury üsgülewigi azaldýar. Käkilik otuny çaý görnüşinde sarp etmek üçin 4 çaý çemçesi guradylan ösümligi gaýnan suwa salyp, demläň we süzüň. Bokurdagy ýumşatmak üçin içine bal goşmak gury üsgülewik üçin has peýdalydyr.

11. Beýlekiler

Şular bilen bilelikde bol suw içmek, bugdan peýdalanmak bokurdagyň çyglylygyny üpjün edip, gury üsgülewigi azaldýar.

Öýdäki iň çalt üsgülewik aýyryjy içgiler

· Almanyň çaýy

Alma düzümindäki J witamini arkaly dem alyş ýollaryny biynjalyk edýän gakylygy ýumşadýar. Ol hem üsgülewigiň azalmagyny üpjün edýär.

· Süýt

Gyzgyn süýde bal goşup, bokurdakdaky gijilewügi we üsgülewigi aýyrmak mümkin. Gyzgyn süýt borkurdagyňyzy rahatlandyryp, üsgülewigiň aýrylmagyny üpjün eder.

· Zenjebil çaýy

Üwelen zenjebili 1 käse gaýnan suwa goşup, içine dalçyn we gwozdika dänejiklerini salandan soň demlenmeli. 5-6 minut demlenen zenjebil çaýyna bal hem goşup bilersiňiz.

Şeýle hem:

· Itburny

· Beýi

· Ada ösümliginiň çaýy

· Narpyz

· Ekineziýa

· Bally käkilik oty

· Badamly pyrtykal suwy

· Gara burç we bal

· Tudana toşaby

· Turp we bal

· Üzüm toşaby

Üsgülewigiň aýrylmagy üçin peýdalydyr.

Ýene degişli makalalar

Üsgülewügiň öňüni alýan ösümlik çaýlary
Sowuklama-gripp we antibiotik bejergisi
Agyz ýaralaryna we ýaralara tebigy çözgüt teklipleri
Sesiň gyrylmagyna tebigy bejergiler
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanda azyk senagatynda buýany ulanmagyň tehnologiýasy işlenilip düzüldi