Gurumly tüsse Täçmahaly gizledi

Gurumly tüsse Täçmahaly gizledi

Goýy gurumly tüsse Hindistandaky meşhur Täçmahal köşgüni görer gözden gizledi. Jahankeşdeler onuň asla görünmeýändigini aýdýarlar diýip, MIR 24 ýazýar.

Tüsse tutuş Agra şäherini basdy. Oňa Demirgazyk Hindistanda şaly hasyly ýygnalan ekin meýdanlarynda 200 million tonnadan gowrak gury baldaklaryň daýhanlar tarapyndan täze ekişe taýýarlamak üçin, kanun tarapyndan gadagan edilendigine garamazdan, ýakylmagy sebäp boldy.

Gurumly tüsse indi sebitiň eteginde ýerleşýän Nýu-Deliniň depesinde toplanýar. Ýerli häkimiýetler ýagdaý bilen baglylykda, paýtagtdaky ähli mekdepleri 10-njy noýabra çenli ýapmak kararyna geldi, emma 10 we 12-nji synplaryň okuwçylary öňde synaglaryň bardygy üçin okuwlaryny dowam etdirerler.

Ýene degişli makalalar

Hindistanda gurumly tüsse sebäpli Täçmahal görnenok
Gamyş pişigi
Türkmen-özbek gatnaşyklary gün tertibinde: Türkmenistanda özbek maýasy bilen açylan näçe kärhana bar
Seulda Merkezi Aziýa — Koreýa dostluk güni geçirildi
Gurbanguly Berdimuhmedow Saud Arabystanynyň Mirasdüşer Şazadasy bilen duşuşdy
Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Şawkat Mirziýoýew türkmen-özbek gatnaşyklaryny berkitmegi maslahatlaşdylar