Serdar Berdimuhamedow 24-nji ýanwarda Aşgabat-Türkmenabagt ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň düýbüni tutdy.
Bu taslamanyň bahasy, garaşylmagyna görä, $2,3 mlrd bolup, ony 2023-nji ýylyň aýgyna ulanmaga bermek planlaşdyrylýar.
Bu ýol soňy bilen Owdandepe etrabynda Aşgabat-Türkmenbaşy ýokary tizlikli awtomobil ýoly bilen birleşmeli.
Emma bu çatryk taşlanan ýagdaýda bolmagynda galýar, paýtagtdan Türkmenabaşa barmaly doly gurlup gutarylmadyk ýoluň galan böleginiň ykbaly hem belli däl.
1 of 7
“Türkmenistanyň Hronikasy” 2018-nji ýylyň fewralynda Türkiýäniň “Polimeх” gurluşyk kompaniýasynyň (bu işiň potratçysy) birden işlerini togtadandygyny, onuň başlygy Erol Tabançanyň bolsa Türkmenistandan gaçyp çykandygyny habar berdi.
TH-nyň çeşmeleriniň maglumatyna görä, türkmen tarapy Tabança bu taslamany öz serişdeleriniň hasabyna gurup, soň öz çykaran harajatlaryny geljekde tölegli boljak ýoldan gelmegine garaşylýan girdejiden almagy teklip edipdir.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 2018-nji ýylyň aprelinde “Aşgabat-Türkmenbaşy ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşyk işleriniň öz wagtynda we ýokary hilli tamamlanmagynyň wajypdygyny” belledi. Şondan bäri bu ýoluň gurluşygy babatdaky indiki planlar barada resmi media we häkimiýet wekilleri hiç habar bermeýär.