Gurjak teatry täze möwsümde Arşyn mal alany“ görkezdi

Türkmen döwlet gurjak teatrynyda goýlan Arşyn mal alan“ oýnuň premýerasyna gelenleriň arasynda çagalardan ulular kändi. Perde syrylýar, çyralaryň ýagtysyna baş gahryman Askeriň gurjakdaky keşbi bilen birlikde Reşit Beýbutowyň bize çagalykdan tanyş owadan, mahmal sesi ýaňlanýar - oýun, ine, şeýle başlanýar.

Azerbaýjan kompozitory we librettoçysy Uzeir Gajybekowyň könelmez Arşyn mal alan komediýasy tötänden ile aýan bolýar.Buržuaz äheňli we sosialistik ideýasy ýok“ bahanasy bilen köp wagtlap pýesany sahnalaşdyrmaga rugsat berilmeýär.

Dogrudanam, esasy gahrymanlaryň biri Telliniň Puluň barmy-baraýyn“ diýmesi sosialistik ideoligiýa gabat gelmeýärdi.Arşyn mal alan“ SSSR-de gadagan wagty onyň başga biriniň adyndan Golliwudda surata düşürýärler.Stalin pýesany okapdyr-da, ony gaty halapdyr, oýny döwrüň rurhuna gabat gelýän tapypdyr, çünki baş gahryman ata-enesiniň saýlanyna öýlenmek däbine garşy gidýär.

Staline amerikanlylaryň ony ogurlandyklaryny“ aýdanlarynda, ol: “Hakyky sowet Arşyn mal alanyny“ surata düşürmegi teklip edýärin“ diýýär. 1945-nji ýylda Arşyn mal alan“ ekrana çykdy, onda baş keşbi Reşit Beýbutow janlandyrdy.

Sazly komediýa meşhurlyga eýe bolup, gaty kän girdeji getirdi.Ol dünýä dilleriniň 86-syna terjime edildi we dünýä ýurtlarynyň 136-synda görkezildi, diňe SSSR-iň özünde bir ýarym aýda oňa 16 million adam tomaşa etdi.

Ony Mao Szedun şeýle bir gowy görüpdir welin, onuň hytaýça görnüşi surata düşürilipdir.

Ozallar Gündogarda gelni oglanyň ata-enesi tapypdyr.Köplenç ýaşlar diňe toýda bir-birini görýän eken.Arşyn mal alanyň“ baş gahrymany Asker diňe öz halanyny almak isleýär. Ýöne gyzlar nikaply gezýän wagty onuň ýüzüni nädip görjek?

Onuň agasy Süleýman, hamala mata satýandan bolan bolup öýme-öý aýlanmagy teklip edýär.Arşyn mal alan“ terjime edilende arşynlap haryt satýan“ many berýär.Askeriň aýdymynyň Sag bolsun Süleýman, maňa ýarym tapmaga ýardam etdi“ diýen sözleri bütin dünýä meşhur boldy.

Uzeir Gajybekowyň komediýasynyň döredilenine 104 ýyl geçse-de, könelmez Arşyn mal alan“ häli-häzirem meşhurdyr.

Oýny goýan režisýor, Türkmenistanyň at gazanan artisti Amangül Mämetýazowa ony goýanda hut şu filmden ugur alypdyr. Ol öz pikirini döredijilik toparyna aýdanda artistleriň bary Arşyn mal alanda“ oýnamaga höwes edipdir. Baş keşplerden galanlary synagdan geçirildi. Askeriň we Gülçöhräniň keşbini Gowşutgeldi Daňatarowyň Söýgi bizi halas eder“ oýnunda üstünlik çykyş eden Allaguly Gurbanow bilen Keýik Amanowa ýerine ýetirdi.

Oýnuň üstünligi Askeriň hyzmatkäri Weliniň keşbine bagly diýseňem boljak. Weliniň Tellä söz aýdýan ýeri tomaşaçylaryň iň halaýan pusady. Maksat Çaryýewiň horeografik taýýarlygy göz öňünde tutulyp, oňa bu keşpi ynandylar.

--Gahrymanymyň häsiýeti meniňkä asla gabat gelmeýär—diýip, artist gürrüň berýär.—Men agras, saýhally adam, ýöne men gujurly, şadyýan wäşiniň keşbini döretmelidim. Maňa artist Maýa Meläýewa ýakyndan goldaw berdi. Ol ozal tansçy bolansoň, maňa köp zat öwretdi, bu-da keşbiň şowly çykmagyna ýardam etdi.

Dogrudanam, Weli tans edip ugrandan tomaşaçylaryň göwnüni aldy. Maksat Çaryýewe bu keşbi ynanyp režisýor diňe utuş gazanypdyr.

-Filmdäki Süleýman agajet bolsa, men daýaw- diýip artist Hojaguly Hojagulyýew gürrüň berýär. Ýöne meniň üçin synag şowly boldy, kärdeşlerim indi režisýorlar bu oýny goýjak bolsa Hojagula meňzeş artist gözlemeli bolarlar dýip degişýärler.

Sultanbegiň keşbini Türkmenistanyň at gazanan artisti Magtymguly Hudaýberdiýew döretdi, tomaşaçylaryň köpüsi onuň gahrymanynyň özünden 30 ýaş töweregi uludygyny aňanam däldirler.

Oýnuň sahna bezegini ýerine ýetiren Nataşa Kaýlyýewa gahrymanlaryň ählisini geçen asyryň başynda ýoň bolan egin-eşikler geýdiripdir. Aýratynam Gülçöhräniň, Asýäniň (Ogulsadat Çaryýewa), Jahanyň (Oguldöndi Bäşimowa), Telliniň (Jeren Mämmedowa) eşikleri has şowly çykypdyr. Artistleriň egin-eşiginde, hereketlerinde, gylyk-häsiýetinde, gürleýşinde azerbaýjan halkyna mahsuslyk duýulýar.

Oýunda artistler bilen birlikde asma gurjaklar hem çykyş edýärler, gahrymanlaryň hersiniň özüne kybapdaşy bar. Türkmen döwlet ýörüte çeperçilik mekdebiniň uçurymy Nataşa Kaýlyýewa gurjaklaryň gahrymanlara meňzemegi üçin tagalla baryny edipdir.

-Gurjak teatry hökmünde biz, ilki bilen çagalaryň bähbidini göz öňünde tutýarys—diýip oýny goýan režisýor Amangül Mämmetýazowa gürrüň berýär,--şonuň üçinem täze oýnumyzyň çagalara gyzykly bolmagy barada alada etdik.

Gurjakdan edilen gahrymanlar sahna özboluşly röwüş berdi.

- Arşyn mal alany“ goýmagy ençeme ýyllap arzuw edip geldim,--diýip Amangül gürrrüňini dowam edýär.---Men 1945-nji ýylda surata düşürilen şol belli filmiň äheňinde oýun goýmak isledim. Şonuň üçinem ondaReşit Beýbutowyň aýdymlarynyň ýazgysyny ulandyk.

Tomaşaçylar oýun tamamlananda artistleri şowhunly el çarpmalar bilen mübäreklediler. Täze oýun döredijiliki toparynyň mümkinçiligniň uludygyny görkezdi, biz olaryň zehinli işlerine sabyrsyzlyk bilen garaşýarys.

Ýene degişli makalalar

Täze möwsümde aşgabatlylar Gurjak teatrynda Arşyn mal alan oýnuna tomaşa edip bilerler
Begenç we Mähri Moşiýewleriň maşgala konserti
Sungata örklenen ömür
Türkmenistanyň halk artisti, meşhur aktrisa aradan çykdy
Mukamlar köşgünde belli türkmen artistleriniň konserti boldy
Ýurdumyzyň teatrlarynda 18-20-nji awgust aralygynda görkeziljek sahna oýunlary