Gurbansoltan eje adyndaky etrabyň agyr atletika sport mekdebi pälwanlary taýýarlaýan merkez hasaplanýar

Daşoguz welaýatynyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky geňeşliginde ýerleşýän sport mekdebi tanymallyga ýeten agyr atletikaçylaryň ençemesini taýýarlady. Golaýda onuň okuwçylarynyň biri, ýaş ştangaçy Reýimbergen Jumaýew halkara ýaryşynda şowly çykyş edip, milli ýygyndy topara dalaşgär boldy.

Mekdebiň beýleki bir okuwçysy Şerzat Rustambaýew ýaşlaryň arasynda Ürgençde geçirilen Aziýa çempionatynda 77 kilograma çenli agramda bürünç medala mynasyp boldy.

Dürli ýyllarda milli ýygyndy toparyň hatarynda çykyş eden agyr atletikaçylaryň ençemesi şu sport mekdebinde ussatlygyň ilkinji tilsimlerini öwrenipdiler. Olaryň arasynda Olimpiýa oýunlarynyň dördüsine gatnaşan halkara derejeli sport ussady Ümürbek Bazarbaýew, Olimpiýa oýunlarynyň ikisine gatnaşan Tolkunbek Hudaýbergenow, London Olimpiadasyna gatnaşan Mansur Rejebow, halkara ýaryşynyň bürünç baýragynyň eýesi Maksut Rejebow dagy bar.

77 kg çenli agramda V Aziadanyň ýeňijisi we 2017-nji ýylda agyr atletika boýunça ABŞ-da geçirilen dünýä çempionatynda kümüş medallaryň üçüsini eýelän Rejepbaý Rejebowam sportda ilkinji ädimlerini hut şu mekdepde edipdi.

Üstünlikli okuw-terbiýeçilik işiniň esasy sertleri-- maddy-tehniki üpjünçilik we halypalaryň netjeli usullarydyr, olaryň arasynda Rozumbaý Rejebow, Sanjar Kadyrbergenow, Hudaýbergen Rejebow ýaly ussat tälimçiler bar.Olaryň sport ussatlaryny ýetişdirmek, şägirtlerinde zähmetsöýerligi we türgenleşikleriň ähmiýetine düşünmegi terbiýlemek, olary şahsy ösüşlere höweslendirmek zehini netijesinde mekdebe gatnamaga höwesek çagalaryň sany barha artýar.

Häzirki wagtda bu ýerde dürli ýaşdaky we agramdaky okuwçylaryň iki ýüz elliden gowragy tejribeli tälimçileriň ýolbaşçyllygynda rekordlar goýmaga erjel taýýarlanýarlar.

Ýene degişli makalalar

Agyr atletikaçy Kristina Şermetowa 55 kg çenli agramda Tokio Olimpiýa oýunlarynda güýçlileriň altylygynda
Türkmen agyr atletikaçylary Aşgabatda okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna girişdiler
Magtymguly, düşdüň yşkyň güzerne atly täze sahna oýny taýýarlanylýar
07.03.2018 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
Ene mähri diýen ada mynasyp bolan zenanlaryň sanawy paýlaşyldy