Gurbannazar Ezizowyň ömri we döredijiligine bagyşlanyp söhbetdeşlik geçirildi

Gurbannazar Ezizowyň ömri we döredijiligine bagyşlanyp söhbetdeşlik geçirildi

Ýakynda Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky döwlet baýragynyň eýesi Gurbannazar Ezizowyň ömri we döredijiligine bagyşlanyp Mary welaýat kitaphanasynda Mary welaýat şahyrlar birleşmesiniň işjeň agzalarynyň gatnaşmagynda tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi.

Edebiýat we sungat gazetiniň habar bermegine görä, Marynyň Hydyr Derýaýew adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň talyplarynyň gatnaşmagynda geçirilen söhbetdeşlikde şahyr zenanlar Nurtäç Ýusupdurdyýewa, Aýnäzik Esenowa, Ogulşat Orazowa we halypa aýdymçy Ogulnabat Berdiýewa dagy milli edebiýatymyzy ösdürmäge saldamly goşant goşan şahyr Gurbannazar Ezizowyň edebi mirasy barada giňişleýin gürrüň etdiler.

Olar ýazyň-güýzüň şahyry diýlip ykrar edilen ajaýyp şahyra bagyşlap ýazan goşgularyny okadylar we talyp ýaşlar bilen sowal-jogap alyşdylar. Bu ýerde guralan sergide G.Ezizowyň dürli ýyllarda neşir edilen goşgular ýygyndylary, onuň döredijiligi barada gürrüň berýän döwürleýin neşirler görkezildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Bagtyýar çagalar Watanymyzyň geljegi
Nowruz geldi bu bagtyýar diýara
Şahyr Gurbannazar Ezizowy ýagşylykda ýatlap geçirilen şygryýet agşamy
Saýrak dilli şahyr Gurbannazar Ezizow