Gurbanlykda hiňňildigiň golaýynda pajygaly ýagdaý ýüze çykdy

Gurbanlykda hiňňildigiň golaýynda pajygaly ýagdaý ýüze çykdy

Aşgabatda Gurban baýramynyň ilkinji güni hiňňildigiň daşyndaky üýşmeleňde heläkçilikli hadysa ýüze çykdy. Azatlygyň paýtagtdaky habarçylary Büzmeýinde ýüze çykan we çaganyň ölümine sebäp bolan betbagtçylykly ýagdaýyň jikme-jiklerini anykladylar.

Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň Gökje ýaşaýyş toplumynda Gurbanlygyň birinji güni köp adam üýşüpdir.

"Gökje ýaşaýyş toplumynyň ýaşaýjylary Gurban baýramynyň ilkinji güni toplumyň merkezinde hiňňildilk gurap, onuň daşynda uly, kiçi üýşdi we baýramçylyk giňden bellenip başlandy. Oglanlar we gyzlar bir bada dört adamdan ybarat topar bolup, hiňňildikde uçdular" diýip habarçymyz baýramyň geçişi barada habar berdi.

Şol üýşmeleňe gatnaşanlaryň sözlerine görä, pajygaly waka birden, garaşylmadyk pursatda ýüze çykypdyr we çaganyň ölümine sebäp bolupdyr.

"Hiňňildigiň bady ýokary derejä ýetip, gyzyşan wagty hiňňildigiň daşyna üýşüp duranlaryň arasynda ýedi ýaşly oglan deň-duşlary bilen oýnap, kowalaşdy we birdenkä yza çekildi we hiňňildigiň howply golaýyna ýakynlady, şol wagt hiňňildigiň aýak basylýan tagtasy bat bilen oglanyň ýeňsesine urdy we çaganyň şol bada pajygaly ölümine getirdi. Oglan mähellede kakasynyň elinde jan tabşyrdy" diýip, şaýatlaryň biri gürrüň berdi.

Şaýatlar hem-de ýagdaýdan gönüden-göni habarly adamlar bilen gürleşen habarçymyzyň sözlerine görä, oglan çaganyň tragiki ölümi aýylganç täsir galdyrdy. Çagyrylan tiz kömek lukmanlary oglanyň ölümini tassyklamaly boldy.

Aşgabatda bolan bu pajygaly ýagdaýdan habarly çeşmeleriň sözlerine görä, şu wagt bu iş boýunça geçirilýän derňewiň çäginde Büzmeýin etrabynyň polisiýa bölüminiň jogapkär işgärleriniň işi hem prokuratura tarapyndan derňelýär.

"Gökje ýaşaýyş toplumyna jogapkär polisiýa işgärleri ýaşaýjylaryň hiňňildik gurmagynyň öňüni almanlygynda günälenýär" diýip, anonim gürleşen çeşme aýdýar.

Azatlyk Radiosy Aşgabadyň Bagtyýarlyk etrabynda bolan heläkçilikli ýagdaý barada ýerli polisiýa resmilerinden we Içeri işler ministrliginden maglumat alyp bilmedi.

Türkmenistanda hiňňildik uçmak däbi öňden gelýär. Milli däp-dessuryň bir aýratynlygy bolan bu hiňňillikler Gurban baýramynda, Nowruzda guralýar we olaryň daşynda adam köp bolýar. Milli ynanja görä, beýik sütünlerden, tagtadan, ýüpden ýasalan hiňňildikde uçmak bilen adamyň eden günäleri bagyşlanýar.

Türkmen häkimiýetleri hiňňildikleri käbir ýyllarda gadagan etdiler, başga ýyllarda özleri guradylar.

Ozalky ýyllarda habarçylar hiňňildikleriň käbir ýerlerde häkimiýetler tarapyndan ýörite gurnalýandygy we olarada mejbury çäreçileriň uçurylandygyny, olaryň gurnalýan konsertlere tomaşa edip, kähalatda hiňňildiklerde uçup, köpçülik sahnasyny döretmeli bolýandygyny belläpdi. Baýramçylyk günleri geçirilýän çärelerde esasan mejbury getirilen studentler we döwlet edara-kärhanalarynyň işgärleri agdyklyk edýär.

Türkmenistanda Gurban baýramy ýurduň resmi baýramçylyklar kalendaryna 1994-nji ýylda girizildi. Odan öň bu baýramçylyk ilat tarapyndan resmi däl ýagdaýda bellenýärdi.

Soňky birnäçe ýylyň dowamynda häkimiýetler ilatyň üç gün dowam edýän Gurban baýramyny bellemegine dürli çäklendirmeleri girizipdi. Dilden edilen gadagançylyklar baýramçylyk günlerinde üýşmeleňlere gatnaşmak we gurbanlykda mal öldürip, sadaka bermek ýaly däp-dessurlara degişli bolupdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Büzmeýinde ýetginjekler topar bolup ýakalaşdy
Buzmeýinde ýumrulýan jaýlaryň ýaşaýjylayna Arkadagdan jaý hödürlenýär
Paýtagtyň Magtymguly köçesinde ýaşaýyş jaýlar ýumrulýar
Dünýäniň meşhur tanslary
COVID-19: Ýagdaýlar Mary welaýatynda agyrlaşýar, Lebapda kadalaşýar, Aşgabatda ölüm sanlary aşaklaýar
Maryda resminamalaryny täzelemäge mejbur edilýän oba ýaşaýjylary parahorlukdan zeýrenýär