Gurbanguly Berdimuhmedow Saud Arabystanynyň Mirasdüşer Şazadasy bilen duşuşdy

Gurbanguly Berdimuhmedow Saud Arabystanynyň Mirasdüşer Şazadasy bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow sişenbe güni Er-Riýad şäherinde Saud Arabystanynyň Mirasdüşer Şazadasy, Premýer-ministri Muhammed bin Salman bilen duşuşdy.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da berkitmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşyp, ýurtlaryň BMG-niň we beýleki halkara guramalaryň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlyk edýändiklerini bellediler.

Söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge, şeýle hem energetika, ulag we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi.

Şu gezekki sapar Türkmenistanyň Bitaraplyk we parahatçylyk döredijilik ýörelgeleriniň binýadynda arap dünýäsiniň döwletleri bilen deňhukukly hyzmatdaşlygy berkitmäge tagalla edýändigini görkezýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow halkara “Bitewi suw” sammitine gatnaşmak üçin Saud Arabystanyna sapary amala aşyrdy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň “Bitewi suw” sammitindäki çykyşy
5-nji dekabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Asylly işler rowaçlyklara beslenýär
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Er-Riýadda Bitewi suw sammitine gatnaşdy
Türkmen halkynyň Milli Lideri Saud Arabystany Patyşalygynyň Mirasdüşer Şazadasy, Premýer-ministri bilen duşuşdy
Saud Arabystanynyň ähli mekdeplerinde hytaý dili girizilýär