Şu gün — 16-njy martda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi atly kitabynyň ermeni dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy boldy.Dabara Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary we hünärmenleri, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň Türkmenistandaky hemişelik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, ýurduň gazet-žurnallarynyň baş redaktorlary, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, şeýle-de bu ýokary okuw mekdebiň mugallymlarydyr talyp ýaşlary gatnaşdylar.
TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň web saýtynda habar berlişi ýaly, dabaranyň başynda Ermenistanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi jenap Ruben Maratowiç Harazýanyň çykyşy diňlenildi.Ilçi öz çykyşynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň halkara giňişligindäki abraýyny pugtalandyrmak barada edýän tagallalary, hususan-da, şeýle işleriň aýdyň subutnamasy bolan Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi atly kitabyň ermeni diline terjime edilmeginiň ähmiýeti dogrusynda belläp geçdi.
Dabaranyň dowamynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň rektory Baýramgül Orazdurdyýewa hem çykyş edip, türkmen halkynyň milli däp-dessurlarynyň özenini düzýän ýokary ynsanperwer ýörelgeleriniň türkmen Lideriniň köpugurly edebi döredijiliginde öz beýanyny tapýandygyny, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň dünýäniň dürli dillerinde neşir edilen eserleriniň halkara jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döredýändigini, şeýle hem Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi kitabynyň ermeni diline terjime edilmeginiň türkmen halkynyň baý medeni mirasy, taglymlary we ahlak ýörelgeleri bilen ýakyndan tanyşmaga, özboluşly däp-dessurlaryna has-da aýdyň düşünmäge mümkinçilik berjekdigi barada gürrüň berdi.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi atly kitabynyň ermeni dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasynyň dowamynda wideo aragatnaşyk arkaly Ýerewan döwlet uniwersitetiniň türkologiýa öwreniş bölüminiň müdiri, professor Aleksandr Safariý, şol kafedranyň uly mugallymy, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Amaliýa Petrosýan, Ermenistan Respublikasynyň şahyry we terjimeçisi Waružan Hastur, şeýle-de Edebiýat we sungat gazetiniň baş redaktory Ogulmaýsa Allaberdiýewa dagy çykyş etdiler.
Dabaranyň dowamynda edilen çykyşlarda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi kitabynyň ermeni diline terjime edilmegi milli medeni mirasymyzy öwrenmekdäki, gorap saklamakdaky we giňden wagyz etmekdäki ähmiýeti barada giňişleýin durlup geçildi.
Çäräniň ahyrynda dabara gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler.