Gurbanguly Berdimuhamedowyň ŞHG+ görnüşindäki duşuşyga gatnaşmagyna garaşylýar

Gurbanguly Berdimuhamedowyň ŞHG+ görnüşindäki duşuşyga gatnaşmagyna garaşylýar

3-4-nji iýylda Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde geçiriljek Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitiniň çäklerinde guraljak ŞHG+ görnüşindäki duşuşyga türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem gatnaşmagyna garaşylýar.

Bu barada Ria.ru resmi habarlarynda mälim etdi.Bellenilmegine görä, ŞHG+ duşuşygynyň gün tertibindäki meseleler köptaraplaýyn gepleşikleri, durnukly parahatçylyga we ösüşe bolan islegi güýçlendirmek, ŞHG bilen duşuşyga gatnaşyjy beýleki ýurtlaryň halkara we sebit meselelerinde hyzmatdaşlygy bilen bagly bolar.

Şeýle görnüşde ilkinji gezek geçiriljek duşuşyga Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Azerbaýjanyň, Kataryň, Mongoliýanyň, Türkiýäniň döwlet Baştutanlary, BAE-niň hökümet Baştutany hem-de çagyryldy.

Duşuşyk 4-nji iýulda Astana şäherinde geçiriler.

Ýene degişli makalalar

Astanada ŞHG-niň sammiti geçdi
Gazagystanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy Astanada geçiriljek sammite gatnaşmaga çagyrdy
Türki döwletleriň gün-tertibindäki möhüm wakalar
Astananyň howa menzili ŞHG-yň sammiti bilen bagly güýçlendirilen iş tertibine geçdi
Astanada ŞHG-niň Liderleriniň sammiti başlady
Putin bilen Erdogan Astanada duşuşdy