Gurbanguly Berdimuhamedowyň gyzy sebitlere sapar edip, ýurduň syýasat sahnasynda barha işjeňleşýär

Gurbanguly Berdimuhamedowyň gyzy sebitlere sapar edip, ýurduň syýasat sahnasynda barha işjeňleşýär

Gurbanguly Berdimuhamedowyň gyzy, Haýyr-sahawat gaznasynyň bejeris işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň Mary welaýatyndaky saglyk edaralaryna, şeýle-de maýyplar öýüne baryp görmegine garaşylýar, şäherde abadanlaşdyryş işleri ýaýbaňlandyrylýar diýip, ýerli çeşmeler aýdýar.

“Maýyplar öýüniň işgärleriniň ählisi barlagdan geçirilip, olara görülýän taýýarlyk çäreleri barada hiç ýerde maglumat paýlaşmazlyk tabşyryldy” diýip, çeşmeler aýdýar.

Meýilleşdirilýän iş saparyna taýýarlyk işleriniň çäginde welaýat bilim müdirlikleri beden synalarynyň mümkinçiligi çäkli çagalar öýüniň abadanlaşdyryş işlerine niýetläp, bilim we terbiýeçilik edaralarynyň işgärlerinden pul serişdelerini ýygnapdyrlar. Şol bir wagtda, şäherde giň möçberli alnyp barylýan arassaçylyk işlerine býujet işgärleri hem çekilýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan ýerli ýaşaýjylaryň birnäçesi şu günler günorta-gündogar welaýatyň sebit merkezinde, köçelerde we durmuş desgalarynda abatlaýyş işleriniň güýçlendirilendigini aýdýar.

“Arassaçylyk we abadanlaşdyryş işleri ýaýbaňlanýar, köçeler abatlanýar, çukanak ýollara asfalt ýazylýar, şäheriň çar tarapynda güller oturdylýar” diýip, ýerli ýaşaýjylar aýdýar.

Tabşyrykdan ugur alan saparlar16-njy aprelde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Haýyr-sahawat gaznasynyň Arkadag şäherinde geçirilen ýygnagynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Gaznanyň wekillerini ýurduň welaýatlarynda saparda bolup, köpugurly hassahanalarda hem-de enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezlerinde alnyp barylýan işler bilen tanyş bolmagy tabşyrdy.

Bu tabşyryklaryň yz ýany, sebitlerde Gaznanyň bejeriş işleri boýunça orunbasary Oguljahan Atabaýewanyň iş saparlaryna taýýarlyk çäreleri güýçlendi.

Resmi metbugat 17-nji aprelde Atabaýewanyň Ahal welaýaty boýunça iş saparyny amala aşyrandygyny we bu sebitdäki iri saglyk desgalaryna baryp görendigini habar berdi.

Munuň yz ýany, Azatlyk Radiosynyň habarçysy 21-nji aprelde Balkan welaýatynyň saglygy goraýyş müdirliginde hem-de iri lukmançylyk edaralarynda şeýle saparlara taýýarlyk işleriniň batlandyrylandygyny habar berdi. Şol bir wagtda, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäher häkimligindäki çeşmämiz hem ýokary derejeli sapar bilen baglylykda hepdäniň başynda sebit merkezinde gözegçilik işleriniň güýçlendirilendigini habar berdi.

Döwlet metbugatyna görä, Gurbanguly Berdimuhamedowyň özi şu günler “dostlukly saparlar bilen” Merkezi Aziýa ýurtlarynda, Gazagystanda, Gyrgyzystanda we Özbegistanda bolýar.

Bu aralykda, onuň gyzy, soňky aýlarda ýurduň syýasy sahnasynda işjeň orun alyp başlan Oguljahan Atabaýewa iş saparlary bilen welaýatlarda bolýar.

Şol bir wagtda, Gurbanguly Berdimuhamedowyň prezident ogly Serdar Berdimuhamedow hökümet agzalary, welaýat häkimleri bilen iş maslahatlaryny geçirip, döwleti dolandyrýar.

Synçylar Türkmenistanda Berdimuhamedowlaryň maşgala kultynyň, olaryň şahsyýet kultynyň yzygiderli ösdürilýändigini we soňky syýasy işjeňlik bilen maşgala häkimiýetiniň has-da berkidilendigini aýdýarlar.

'Maşgalanyň zenan agzasy syýasatda peýda bolýar'Oguljahan Atabaýewa dekabr aýynda eks-prezident tarapyndan Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti wezipesine bellendi. Bu wezipe döwlet wezipesi däl. Ýöne Türkmenistanda Berdimuhamedowlar maşgalasyndan bolmaklyk eýýäm 'ýokary wezipe' bolup durýar.

Ol martyň ortalarynda ýurduň media serişdelerinde ýygy-ýygydan wagyz edilip başlandy.

Atabaýewa 15-nji martda Arkadag şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy.

Ol 21-nji martda Birleşen Ştatlaryň Türkmenistandaky ilçisi Elizabet Rud bilen duşuşdy. Türkmen mediasy bu duşuşyk barada “ABŞ Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Haýyr-sahawat gaznasynyň işini goldaýar” sözbaşy bilen habar berdi.

22-nji martda Oguljahan Atabaýewa Arkadag şäherinde köpçülikleýin bag ekmek çäresiniň başyny çekdi; munuň yz ýany, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň zenan ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirdi; 28-nji martda haýyr-sahawat gaznasynyň dördünji ýyl dönümi mynasybetli Türkmenistana sapar eden ýokary derejeli daşary ýurtly myhmanlary kabul etdi; ertesi güni, 29-njy martda möhüm ýyldönüm mynasybetli geçirilen halkara maslahata başlyklyk etdi.

Ol apreliň ilkinji hepdesinde Monako Knýazlygyna sapar eden türkmen wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, syýahatçylyk we saglygy goraýyş ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ugurlaryny maslahat etdi.

Apreliň ortalarynda bolsa, ol Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça welaýatlara iş saparlaryny amala aşyryp başlady.

Bu aralykda, Atabaýewa 19-njy aprelde düýbi Riýadda ýerleşýän “Al-Arabiya” saud telekanalyna interwýu berdi. Teleýaýlymyň esasy alyp baryjysy Rizwan Hanyň soraglaryna jogap beren zenan lider Türkmenistanyň dünýäde ynsanperwer ulgamlarda alyp barýan oňyn işlerini wagyz etdi.

“Meselem, gaznamyz Türkiýede betbagtçylykly ýer titremeden ejir çeken çagalara, Ukrainanyň çagalaryna, palestin çagalaryna , Owganystana, Täjigistana, şeýle-de Russiýa Federasiýasynyň Primorskiý sebitiniň çagalaryna lukmançylyk serişdelerinden we dokma senagaty önümlerinden ybarat haýyr-sahawat ýardamlaryny iberdi. Men bu ýerde biziň Gaznamyzyň Türkmenistanyň halkara gumanitar işlerine-de işjeň gatnaşýandygyny aýdyp bilerin” diýip, Atabaýewa “Al-Arabiýa” teleýaýlymyndan Rizwan Hana beren interwýusynda aýtdy.

Syýasy analitikler Berdimuhamedowlar maşgalasynyň zenan agzasynyň ýurduň syýasy sahnasynda has işjeň orun alyp başlamagynyň mümkin bolan sebäplerini ýakyndan seljerýärler.

'Dowam keşbiniň' berkidilmegiMerkezi Aziýa meseleleri boýunça Brýus Panniýer birnäçe hepde mundan ozal Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda Türkmenistanda Gurbanguly Berdimuhamedowyň öz ogly Serdar Berdimuhamedowyň häkimiýetini berkitmek üçin gyzy Oguljahan Atabaýewany syýasy sahna çykarandygyny aýtdy.

Britaniýanyň Glasgow uniwersitetiniň uly mugallymy, Ýewraziýa meseleleri boýunça bilermen Luka Ançeski apreliň başynda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda Berdimuhamedowlar maşgalasynyň zenan agzasynyň syýasat sahnasyna çykarylmagynyň maşgalanyň döwlet häkimiýetindäki “dowamat keşbini” berkitmäge gönükdirilendigini aýtdy.

“Indi, Gurbanguly Berdimuhamedowyň öz gyzyny [syýasat] sahnasyna çykarmagy onuň dowamat imažyna, dowamat keşbine goşant goşýar, olaryň öňden bäri meşgullanyp gelýän dolandyryş tilsimlerini dowam etdirýändiklerini aňladýar. Munuň bilen döredilýän ikinji imaž, ikinji keşp bolsa, özgeriş imažydyr, özgeriş keşbidir” diýip, Ançeski aýtdy.

Soňky bir aýdan gowrak wagt bäri ýurduň syýasy sahnasynda hem-de media giňişliginde emele gelen işjeňlik ilat arasynda hem giňden ara alnyp maslahatlaşylýan temalaryň birine öwrüldi.

Martyň ahyrlarynda Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan bir lebaply ýaşaýjy, haçan-da Berdimuhamedowlar maşgalasynyň bir agzasy telewideniýede uly planda görkezilip başlansa, onuň "ýakyn wagtda möhüm döwlet wezipelerini eýelemegine garaşylýandygyny” gürrüň beripdi. Şonda ol, Atabaýewanyň nobatdaky wezipe basgançagy barada çaklama ýöredip, onuň Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygy wezipesine getirilmeginiň mümkindigini çaklapdy.

Resmi habarlardan çen tutulsa, Oguljahan Atabaýewa häzirki wagtda ýurduň ynsanperwer ulgamda alyp barýan işlerini ileri tutýar, şeýle-de ol saglyk pudagyndaky tagallalar bilen ilteşdirilýär.

Ahal welaýatyndan bolan beýleki bir ýaşaýjy Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde prezident Serdar Berdimuhamedowyň hem ilki başlarda dürli edaralarda ýolbaşçy wezipelerine bellenip, soňy bilen onuň häkimiýet başyna getirilmegini ýatlady.

Gurbanguly Berdimuhamedow dünýäde we post-sowet giňişlikde geosyýasy şertleriň çylşyrymlaşýan döwründe, 2022-nji ýylyň fewral aýynda döwleti dolandyrmakda “ýaşlara ýol bermegi makul hasaplaýandygyny” aýdyp, Türkmenistanyň prezidenti wezipesinden çekilmek niýetini äşgär edipdi.

Munuň yz ýany, onuň ogly Serdar Berdimuhamedow prezident wezipesini eýeledi, aradan üç ýyl geçenden soňra bolsa, Berdimuhamedowlar maşgalasynyň zenan agzasy Oguljahan Atabaýewa ýurduň syýasy sahnasynda işjeň orun alyp başlady.

Açyk çeşmelerDöwlet metbugatynda Atabaýewanyň terjimehaly barada maglumat berilmeýär. Ýöne Internet ulgamyndaky maglumat çeşmelerinde onuň Britaniýanyň Westminster uniwersitetinde sagdyn iýmitlenme we global jemgyýetçilik saglygy hünär ugry boýunça magistr derejesini alandygy barada käbir maglumatlar peýda bolýar.

Ylmy işler boýunça maglumat çeşmesi bolan “ResearchGate.net” saýtynda göwrelilikde aýalyň sagdyn iýmitlenmeginiň ähmiýetine bagyşlanyp Oglujahan Atabaýewanyň hem-de başga-da birnäçe awtoryň taýýarlamagynda degişli ýokary okuw jaýynda bir ylmy işiň çap edilendigi habar berilýär.

Azatlyk Radiosy Oguljahan Atabeýewanyň Britaniýanyň Westminster uniwersitetinde ýokary bilim alyp-almandygyny garaşsyz çeşmeler arkaly tassyklap bilmeýär. Ýöne açyk çeşmelerde Atabaýewanyň maşgalasy bilen öňki ýyllarda Britaniýada ýaşandygy barada maglumatlar bar. ResearchGate.net maglumat bazasynda goýlan ylmy iş 2013-nji ýylda çap edilipdir.

Britaniýanyň ýokary okuw jaýlary Berdimuhamedowlar maşgalasynyň agzalarynyň ýokary bilim alýan esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Mundan ozal, Azatlyk Radiosy Gurbanguly Berdimuhamedowyň agtygy Kerimguly Berdimuhamedowyň Britaniýanyň Ekseter uniwersitetinde syýasy ylymlar we halkara gatnaşyklary boýunça bakalawr derejesini alandygyny habar beripdi.

Mary welaýatynyň maýyplar öýünde Berdimuhamedowyň gyzynyň saparyna taýýarlyk çäreleri alnyp barylýan mahaly, ýerli ýaşaýjylar, býujet işgärleri özleriniň mejbury çärelere çekilmekden ýadandyklaryny aýdýarlar.

Bu Balkan welaýatynda dowam edýän taýýarlyk çäreleri babatynda hem şeýle bolupdy:

“Näsaglara seretmeli lukmanlar täze, ak lybaslary satyn alyp, saglyk edaralarynyň daş-töweregini abadanlaşdyryp, myhmanyň saparyna taýýarlyk görýärler” diýip, saglyk işgärleri birnäçe gün mundan ozal Balkan welaýatynda Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň beripdi.

Azatlyk bu maglumatlar boýunça ýerli resmilerden goşmaça teswir alyp bilmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Merkezi Aziýanyň syýasy sahnasynda dolandyryjy maşgalalaryň gyzlary 'ýumşak diplomatiýa' ymtylýarmy?
Haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti Arkadag medaly bilen sylaglandy
Diňle: Gurbanguly Berdimuhamedowyň gyzy sebitlere sapar edip, ýurduň syýasat sahnasynda barha işjeňleşýär
Haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň täze agzalary jemgyýetçilik başlangyçlary esasynda wezipä bellendi
Sebitleriň saglyk edaralary uly Berdimuhamedowyň gyzynyň saparyna taýýarlanýar
ABŞ Saud Arabystanyna Goýan Ýarag Embargosuny Bes Etdi