Türkmenistanda
1. Türkmen halkynyň Milli Lideri iş sapary bilen Berlin şäherine bardy. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde Halk Maslahatynyň Başlygyny resmi adamlar, şol sanda Germaniýanyň Türkmenistandaky ilçisi ugratdy. Berlinde Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi Aziýa — Germaniýa sammitine gatnaşar. Taraplar sebitiň ýurtlary bilen GFR-iň arasynda dürli ugurlarda, şol sanda ykdysadyýet, energetika, ekologiýa we howanyň üýtgemegi boýunça hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň meselesini ara alyp maslahatlaşarlar.
2. Türkmenistanda daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Ispaniýanyň täze bellenen ilçisi Markos Gomes Martines bilen duşuşyk geçirdi. M.Bäşimowa ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady we Türkmenistanyň hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny nygtady. Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar we oba hojalyk, ulag-logistika, medeni-ynsanperwer ulgamlarda özara gatnaşyklary giňeltmek hakynda ylalaşdylar.
3.Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda baýramçylyk dabaralary geçirildi.Bu dabaralara Prezident Serdar Berdimuhamedow hem gatnaşdy.Her ýyl Türkmenistanda ýurduş baş baýramynyň hormatyna geçirilýän at çapyşyklary döwürleriň arabaglanyşygyny hem-de nesilleriň dowamatlylygyny, türkmen halkynyň gadymy milli däplere ygrarlylygyny alamatlandyrýar.
Dürli aralyklara guralan ýedi çapyşykda üç ýaşardan alty ýaşara çenli ahalteke bedewleri ýaryşdylar. Ýeňiji bolan çapyksuwarlara Prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyndan uly mukdarda pul baýraklary, şol sanda 300 müň manada deň bolan Baş baýrak gowşuryldy.
4. 30-njy sentýabrda Türkmen oba hojalyk institutynda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmaklarynda AgriHack hakatony geçiriler.Bäsleşige ýurduň her ýokary okuw mekdebinden talyplar toparlary çagyryldy, olar programma üpjünçiliginiň taslamasyny, onuň müşderi we serwer böleklerini taýýarlamaly hem-de eminler toparyna tanyşdyrmaly, innowasion taslamalarynyň täsirliligini, şeýle hem netijeli işlemeginiň kriteriýalaryny esaslandyrmaly.
Bäsleşige hödürlenen üstünlikli taslamalar geljekde durmuşa geçirmek we önümçilige ornaşdyrmak maksady bilen, guramaçylar tarapyndan gözden geçiriler.
5. 27-nji oktýabrda Kazan şäherinde Kazandaky Gündogar bazary atly halkara milli medeniýet festiwalynyň gala-konserti geçiriler. Oňa aýdymçy Züleýha Kakaýewa we Galkynyş tans ansambly gatnaşar. Kazandaky Gündogar bazary 21 27-nji oktýabr aralygynda geçiriljek Russiýadaky iň iri halkara aýdym-saz festiwalydyr. Oňa dünýäniň 25 ýurdundan, şol sanda Türkmenistandan sungat işgärleri gatnaşarlar.
6.Astrahan oblastynyň daşary aragatnaşyklar ministri Wladimir Golowkow Aşgabatdaky A.S.Puşkin adyndaky türkmen-rus mekdebine nusgawy rus we sowet ýazyjylarynyň, şeýle hem häzirki zaman awtorlarynyň kitaplaryny gowşurdy.
Sowgat gubernator Igor Babuşkiniň tabşyrygy boýunça gowşuryldy.Bilim edarasy Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň Funtowo obasyndaky Magtymguly Pyragy adyndaky mekdep bilen ýakyn aragatnaşyk saklaýar.Mekdepler bilelikdäki çäreleri, şol sanda ýaryşlary, bäsleşikleri we döredijilik duşuşyklaryny geçirýärler.
Dünýäde
7.Antarktidada ilkinji gezek güller peýda boldy.Buzlar we garlar dünýäsindäki bu täsin hadysa global ýylylygyň netijesidir.Alymlar geçen asyrda Antarktidada ortaça temperaturanyň 2 gradus ýokarlandygyny belleýärler.
Bu diňe bir buzlugyň tutýan meýdanynyň azalmagyna däl, eýsem, gülleriň we beýleki ösümlikleriň ösmegine hem sebäp boldy.Alymlaryň çaklamalaryna görä, 2096-njy ýyla çenli howanyň temperaturasy ýene 6 dereje ýokarlanyp biler.
Häzirki wagtda Antarktidanyň meýdanynyň diňe 1%-i ösümlikleriň ösmegi üçin amatlydyr, galan bölegi buz we gar gatlagy bilen örtülendir, ýöne mart aýyna ýakyn wagtda yklymdaky howa ereme nokadyna çenli gyzýar we buz gabygy kiçelip başlaýar, şeýlelikde, Antarktidanyň ösümlik dünýäsi üçin täze ýerleri boşadýar.
8. Garri Potter hakyndaky filmlerde professor Dambldoryň keşbi bilen häzirki zaman tomaşaçylarynyň arasynda meşhur bolan britan aktýory Maýkl Gembon 28-nji sentýabrda 83 ýaşynynda aradan çykdy. Aktýoryň uzak wagtlap dowam eden keselden soň hassahanada aradan çykandygy mälimdir, oňa öýken sowuklamasy (pnewmoniýa) diagnozy goýuldy.
9. 29-njy oktýabrda Belawia awiakompaniýasy Gomelden Wnukowo halkara howa menziline yzygiderli gatnawlary açýar. Uçuşlar hepdede üç gezek: sişenbe, anna we ýekşenbe günleri amala aşyrylar.
Sport habarlary
10. 23-nji sentýabrdan 9-njy oktýabr aralygynda Hançžou şäherinde geçýän XIX Tomusky Aziýa oýunlaryna türkmenistanly türgenler bilen bir hatarda eminler-de gatnaşýarlar. Aziadanyň maksatnamasyndaky küşt ýaryşynda halkara derejeli emin Wladimir Annaýew işleýär. Dzýudo ýaryşlarynda bolsa halkara derejeli emin Röwşen Amandurdyýew emin boldy.
11. 1-nji oktýabrda Aşgabatda Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň kubogy başlanar. Uzak arakesmeden soň ýurtda geçiriljek ýaryşa ýurduň ähli walaýatlaryndan 90 töweregi gatnaşyjy eýýäm hasaba alyndy. Federasiýanyň kubogynyň baýrak gaznasy 10 000 manada deňdir.