Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçihanasy metbugat beýanatyny ýaýratdy. Onda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň RF-niň Kemerow oblastynyň Listwýažnaýa şahtasynda bolup geçen heläkçilikli ýagdaý sebäpli çuňňur gynanjyny bildirýändigi beýan edilýär.
Belläp geçsek, Rostehnadzoryň Sibir müdirligine 25-nji noýabrda irden Kemerow oblastynyň Belowsk şäher okrugynyň Listwýažnaýa kömür şahtasynda tüsseleme hem-de partlama barada habar gelip gowuşdy.Raýat goranyş we halas ediş gullugynyň maglumatlaryna görä, tüsseleme 250 metr çuňlukda bolup geçdi.
Raýat goranyş we halas ediş gullugy anna gününe geçilýän gije 52 adamyň — 46 sany magdançynyň we 6 sany halas edijiniň aradan çykandygyny tassyklady.Emma biraz soňra halas edijileriň biri — Aleksandr Zakowrýaşin jany sag halda tapyldy.
Adam pidalarynyň sany boýunça bu heläkçilik rus şahtalarynda soňky 11 ýylyň içinde iň ulusy boldy.Ondan öň, 2010-njy ýylyň maýynda Raspadskaýa şahtasynda iki sany partlamanyň netijesinde 91 adam aradan çykypdy.