Gurbanguly Berdimuhamedow we Walentina Matwiýenko telefon arkaly söhbetdeş boldular

Gurbanguly Berdimuhamedow we Walentina Matwiýenko telefon arkaly söhbetdeş boldular

Şu gün — 20-nji dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Watan habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, telefon arkaly söhbetdeşlik rus tarapynyň başlangyjy boýunça geçirildi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, ilki bilen, RF-niň parlamentiniň ýokarky palatasynyň ýolbaşçysyna Federal Ýygnagyň döredilmeginiň we Russiýanyň Konstitusiýasynyň kabul edilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli gutlaglaryny beýan etdi, şeýle hem ony Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlament Assambleýasynyň geňeşiniň Başlygy wezipesine täzeden saýlanylmagy bilen gutlady.

Türkmen halkynyň Milli Lideri ýokary döwlet, hökümet we parlament derejelerindäki gatnaşyklaryň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň esasy şertleri bolup durýandygyny belledi. Şeýle-de ynsanperwer ulgamda we halk diplomatiýasynyň ugry boýunça özara gatnaşyklaryň işjeňleşdirilýändigi bellenildi.

Söhbetdeşlikde Türkmenistan bilen Russiýanyň halklarynyň arasyndaky dostlugy pugtalandyrmak, olaryň gatnaşyklarynyň ösdürilmegine, özara hormat goýmagy we ynanyşmagy berkitmäge ýardam bermek üçin iki tarapyň hem mundan beýläk-de zerur mümkinçilikleri döretmegi dowam etjekdigine ynam bildirildi.

Russiýanyň parlamentiniň ýokarky palatasynyň Başlygy türkmen halkynyň Milli Lideriniň garaýşyny tutuşlygyna goldap, rus tarapynyň iki ýurduň strategik hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga berk ygrarlydygyna ynandyrdy.

Ikitaraplaýyn gatnaşyklar baradaky gürrüňi dowam edip, söhbetdeşler söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy we medeni-durmuş ulgamynda bilelikdäki işleri ösdürmegiň zerurdygyny bellediler.

Söhbetdeşligiň dowamynda şeýle hem iki ýurduň syýasy-diplomatik ulgamda, şol sanda halkara giňişlikde, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýete eýedigi nygtaldy. Şunda Türkmenistanyň we Russiýanyň özlerini halkara gatnaşyklarynyň jogapkärli we hormata mynasyp gatnaşyjylary hökmünde görkezendikleri bellenildi. RF-niň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Bitarap Türkmenistanyň parasatly we öňdengörüjilikli daşary syýasatyny aýratyn nygtady.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Walentina Matwiýenkony ýetip gelýän Täze ýyl baýramy bilen gutlady hem-de oňa berk jan saglyk, rowaçlyk we jogapkärli döwlet işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Ýene degişli makalalar

Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýäniň, Özbegistanyň döwlet Baştutanlary bilen telefon söhbetdeşligini geçirdi
TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGYNYŇ WE RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ FEDERAL ÝYGNAGYNYŇ FEDERASIÝA GEŇEŞINIŇ BAŞLYGYNYŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK
Dünýägözel Gulmanowa Sankt-Peterbugrda Walentina Matwiýenko bilen duşuşdy
Türkmenistan we Russiýa täze parlamentara şertnamalaryna gol çekerler, 2-nji iýunda Türkmenistanda galla oragyna badalga berler, 28 30-njy iýun aralygynda Milli Gurban baýramy belleniler we beýleki habarlar
Gurbanguly Berdimuhamedow Putine we Matwiýenko gutlag hatlaryny iberdi
Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýanyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy
Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistanyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi