Gurbanguly Berdimuhamedow we Tatarystanyň Prezidenti Türkmenistanyň söwda toplumynyň sergisine bardylar

Gurbanguly Berdimuhamedow we Tatarystanyň Prezidenti Türkmenistanyň söwda toplumynyň sergisine bardylar

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Aşgabada iş saparda bolýan Russiýanyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow çarşenbe güni Söwda-senagat edarasynda guralan Türkmenistanyň söwda toplumynyň sergisine baryp gördüler.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we Tatarystanyň Prezidenti Türkmenistanyň söwda toplumynyň hödürleýän hyzmatlary we önümleriň görnüşleri bilen tanyşdylar. Ol ýerde türkmen halkynyň Milli Lideri ýurdumyzyň hususyýetçileriniň täze önümçilik kuwwatlyklaryny döredýändiklerini, olaryň önümçilik ulgamlary, ulag-aragatnaşyk pudagy üçin zerur bolan harytlary öndürýändiklerini belledi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Tatarystan Baştutany Türkmenistanda öndürilýän haly we haly önümleriniň sergi bölümine baryp gördüler. Bu ýerde Aşgabada sapar bilen gelen Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu hem boldy.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Tatarystanyň Prezidenti Rustam Minnihanow bilen maslahat geçirdi. Maslahata iki ýurduň degişli düzümleriniň ýolbaşçylary hem gatnaşdylar.

Maslahatyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki ugurlary, aýratyn-da, ýangyç-energetika toplumynda gatnaşyklary işjeňleşdirmek meseleleri, ulag-kommunikasiýa ulgamynda ozal gazanylan ylalaşyklary ýerine ýetirmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany dünýäde ygtybarly hyzmatdaş we özüniň hyzmatdaşlyk borçnamalaryna jogapkärçilikli çemeleşýän ýurt hökmünde ykrar edilen Türkmenistan bilen dürli ugurlardaky gatnaşyklaryň ösdürilmegine tatar kompaniýalarynyň uly gyzyklanma bildirýändiklerini nygtady.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow maslahatyň ahyrynda öňe sürlen teklipleriň we garalan meseleleriň işjeň öwrenilmegi, bu ugur boýunça degişli ylalaşyklaryň gazanylmagy babatda zerur işleriň geçirilmelidigini belledi.

Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri we Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Arkadag şäheriniň ýerleşýän ýerine baryp gördüler.

Ýene degişli makalalar

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW TÄZE ŞÄHERIŇ AÇYLYŞ DABARASYNA GATNAŞDY
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy bilen duşuşygy
Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygyny kabul etdi
Halk Maslahatynyň Başlygy söwda toplumynyň sergisine baryp gördi
Serdar Berdimuhamedow Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygyny kabul etdi
Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu Türkmenistana geldi