Gurbanguly Berdimuhamedow we Pakistanyň Prezidenti ikitaraplaýyn gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar

Gurbanguly Berdimuhamedow we Pakistanyň Prezidenti ikitaraplaýyn gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabada sapar bilen gelen Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardari bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Bu barada TDH habar berýär.

Bellenilişi ýaly, 11-nji oktýabrda geçirilen duşuşykda Gahryman Arkadag belent mertebeli myhmany mähirli mübärekläp, ony “Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna” atly ýubileý medaly bilen sylaglanylmagy mynasybetli gutlady hem-de dostlukly ýurduň döwlet Baştutanynyň şu gezekki saparynyň türkmen-pakistan gatnaşyklaryny ägirt uly mümkinçiliklerine laýyk gelýän täze derejelere çykarmakda nobatdaky tapgyr boljakdygyna ynam bildirdi.

Prezident Asif Ali Zardari Türkmenistanda bildirilen myhmansöýerlik we gutlaglar üçin hoşallygyny beýan etdi hem-de Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanyp, sebitde parahatçylygyň, durnuklylygyň bähbidine gönükdirilen daşary syýasaty alyp barýan Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga Pakistanyň ýokary baha berýändigini belledi.

Belent mertebeli myhman Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek hakynda kabul eden Kararnamasynyň möhüm ähmiýetini belledi.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardari birek-birege berk jan saglyk we bagtyýarlyk, iki ýurduň dostlukly halklaryna bolsa parahatçylyk, abadançylyk arzuw etdiler.

Ýene degişli makalalar

Gurbanguly Berdimuhamedow we Masud Pezeşkian Aşgabatda duşuşdylar
Türkmenistanyň Prezidentiniň Aşgabatda geçirilen halkara forumdaky çykyşy
Gurbanguly Berdimuhamedow halkara foruma gatnaşandyklary üçin dünýä Liderlerine minnetdarlyk bildirdi
Dünýä Liderleri Aşgabatdaky forumda Magtymguly Pyragynyň goşandyna ýokary baha berdiler
Türkmenistanyň Prezidenti daşary ýurtly kärdeşleriniň birnäçesini Magtymgulynyň 300 ýyllygy mynasybetli ýubileý medal bilen sylaglady
Türkmen keşdeçilik sungaty-milli mirasymyz atly bäsleşigiň Köneürgenç etrap tapgyry geçirildi