Gurbanguly Berdimuhamedow we Emomali Rahmon türkmen-täjik hyzmatdaşlygyny maslahatlaşdylar

Gurbanguly Berdimuhamedow we Emomali Rahmon türkmen-täjik hyzmatdaşlygyny maslahatlaşdylar

Duşenbä resmi saparynyň ikinji gününde ýurduň Hökümet kabulhanasynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen duşuşygy boldy. Bu barada TDH habar berýär.

Täjik Lideri türkmen halkynyň Milli Lideri bilen doganlarça salamlaşyp, duşuşygyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny binanyň bezegi bilen tanyşdyrdy.

Söhbetdeşligiň barşynda Gahryman Arkadagyň belleýşi ýaly, Türkmenistanda türkmen halkynyň täsin medeni mirasynyň bir bölegi bolup durýan milli binagärligiň we bezegiň gadymdan gelýän däpleri aýawly saklanylýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri täjigistanly hyzmatdaşlar bilen binagärlik we bezeg ulgamynda özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmagyň hem-de tejribe alyşmagyň möhümdigini aýtdy.

Duşuşykda Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň şu saparynyň ähmiýetini belledi. Täjigistanyň Baştutanynyň belleýşi ýaly, gepleşikleriň netijeleri boýunça gol çekilen resminamalar iki ýurduň we halklaryň abadançylygynyň bähbitlerine laýyk gelýän döwletara hyzmatdaşlyga täze itergi berer.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Prezident Emomali Rahmona mähirli kabul edendigi hem-de bilelikde üstünlikli işlemek üçin döredilen ajaýyp şertler üçin ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi. Şeýle-de Duşenbe şäherinde geçirilen gepleşikleriň we duşuşyklaryň netijeli häsiýete eýe bolandygyny kanagatlanma bilen belledi.

Söhbetdeşligiň dowamynda Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Prezident Emomali Rahmon Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň hoşniýetli goňşuçylygyň köpasyrlyk däpleriniň, taryhyň, medeniýetiň, ruhy we durmuş gymmatlyklarynyň umumylygy esasynda ösdürilýändigini aýtdylar.

Bellenilişi ýaly, iki dostlukly ýurt söwda-ykdysady ulgamda hyzmatdaşlygyň ägirt uly kuwwatyna eýe bolmak bilen, özara söwdanyň möçberini artdyrmak, dürli ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek, maýa goýum işini işjeňleşdirmek, bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak, gatnaşyklaryň täze geljegi uly ugurlaryna çykmak üçin bar bolan mümkinçiliklerden netijeli peýdalanmaga çalyşýarlar.

Döwletara gatnaşyklarda ekologiýa we tebigaty goramak meselelerine hem aýratyn üns berilýär.Iki ýurt bu ulgamda, şol sanda Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň çäklerinde bilelikdäki tagallalara, gazanylan ylalaşyklara laýyklykda, şu görnüşdäki ysnyşykly we köptaraply hyzmatdaşlyga ygrarlydyr.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Prezident Emomali Rahmon saparyň barşynda gazanylan ylalaşyklaryň hem-de gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalaryň strategik häsiýete eýe bolan türkmen-täjik hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de okgunly ösdürmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.

Ýene degişli makalalar

Magtymguly Pyragy döwürleriň şahyry
Magtymgulynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan halkara forumyň Jemleýji resminamasy BMG-niň resminamasy hökmünde çap edildi
Emomali Rahmon kenarýaka ýurtlary suwy ýerlikli ulanmaga çagyrdy
Dünýä Liderleri Türkmenistanyň Prezidentini Gurban baýramy bilen gutladylar
Türkmenistanda Mukaddes Oraza baýramy bellenilýär
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistanyň Premýer-ministrini kabul etdi