Gurbanguly Berdimuhamedow we Ahmet Çalyk hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdylar

Gurbanguly Berdimuhamedow we Ahmet Çalyk hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdylar

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Çalyk Holding kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Watan habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, söhbetdeşlikde Ahmet Çalyk ata Watany Türkmenistanda dürli maksatly we uly ähmiýetli taslamalary durmuşa geçirmek ugrunda giň mümkinçilikleriň döredilýändigi üçin Prezident Serdar Berdimuhamedowa hem-de türkmen halkynyň Milli Liderine ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň ähli işgärleriniň adyndan tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Işewür şu gün açylyp ulanmaga berlen Halkara sagaldyş-dikeldiş hem-de Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezleriniň gurluşygynyň Çalyk Holding kompaniýasyna ynanylmagynyň özleri üçin uly mertebedigini buýsanç bilen belledi hem-de bu desgalaryň açylyp ulanmaga berilmegi bilen gutlady.

Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanda geçirilýän möhüm ähmiýetli dabaralara gatnaşmaga gelendigi üçin işewüre minnetdarlyk bildirdi.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanda işleýän türk kompaniýalarynyň, hususan-da, Çalyk Holding kompaniýasynyň özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga goşýan uly goşandy bellenildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanda amala aşyrylýan taslamalarda ylmy taýdan esaslandyrylan çemeleşmelere, innowasion tehnologiýalara we ykdysady taýdan netijeli çözgütlere uly ähmiýet berilýändigini nygtady.

Halk Maslahatynyň Başlygy Çalyk Holding kompaniýasynyň Türkmenistanda durmuşa geçirilýän taslamalarda mundan beýläk-de täze tehnologiýalary we ýokary öndürijilikli enjamlary işjeň ulanjakdygyna ynam bildirdi.

Ahmet Çalyk bildirilýän ýokary ynam üçin hoşallygyny beýan etdi hem-de kompaniýanyň öz üstüne alan şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirmäge geljekde hem jogapkärçilikli çemeleşjekdigine ynandyrdy.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty we energetikasy 2024 atly halkara sergisi hem-de maslahat öz işine başlady
Ahmet Çalyk: Türkmenistan daşary ýurt maýa goýumlary üçin özüne çekiji merkez bolup galýar
10-njy oktýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Garabogaz şäherçesindäki karbamid öndürýän zawodda 270 million manatlyga golaý önüm öndürildi
Gurbanguly Berdimuhamedow daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy
12-nji iýunda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti