Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow düýn Ahal welaýatyna amala aşyran iş saparynyň dowamynda täze dolandyryş merkeziniň günbatar tarapynda ýerleşen üzümçilige bardy hem-de harby we hukuk goraýjy edaralaryň hojalyk müdirliginiň meýdanyny gözden geçirip, ýetişdirilýän ekinleriň aýratynlyklary bilen gyzyklandy.
TDH-niň habar bermegine görä, Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň hojalyk müdirliginiň ýolbaşçysy Ç.Amanow bu künjekde Müdirlige degişli 40 gektar ekerançylyk meýdanynyň bardygyny, onda köp görnüşli miweli baglaryň, şol sanda şetdalynyň dört görnüşiniň, üzümleriň kişmişlik görnüşleriniň ösdürilip ýetişdirilýändigini habar berdi.
Şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna ýurduň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň hojalyk müdirligine degişli bu ýerdäki ekerançylyk meýdanlarynda ösdürilip ýetişdirilýän miweleriň irki görnüşleri görkezildi.
Ç.Amanow Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygyna Müdirligiň synag meýdançasynda üzümiň täze döredilen görnüşine at dakyp bermegi haýyş etdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen halkynyň Dile geldi bile geldi diýen paýhasly jümlesine salgylanyp, bu künjekden Kärizek obasynyň seleňläp görünýändigini nazara alyp, goý, üzümiň täze görnüşiniň ady hem Kärizek bolsun diýdi, şeýle-de, taryhdan belli bolşy ýaly, bu künjekde datly miweleriň, ýokumly üzümleriň köp görnüşleriniň ösdürilip ýetişdirilendigini aýtdy.