Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 11-nji oktýabrda Aşgabatda Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy hanym Neda Berger bilen duşuşdy. Bu barada TDH habar berýär.
Bellenilişi ýaly, myhman türkmen halkynyň Milli Liderine duşuşmaga wagt tapandygy üçin hoşallyk bildirip, akyldar şahyryň ýubileýiniň bellenilýän günlerinde Türkmenistanda bolmagyň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy.Hanym Neda Berger Arkadag şäherinde VI Wena balynyň üstünlikli geçirilendigini we bu möhüm çäräniň beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna beslenýän ýylda geçirilmeginiň wajyp ähmiýetini belledi.
Ol sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäherinde guralan Wena balyny üstünlikli geçirmäge beren ýardamy üçin Gahryman Arkadaga hem-de Türkmenistanyň Prezidentine tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hoşniýetli sözleri üçin minnetdarlyk bildirip, hanym Neda Bergeriň Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy hökmünde iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly goşant goşýandygyny aýtdy.Türkmen halkynyň Milli Lideri medeniýet, sungat, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ugurlary boýunça ýakyn hyzmatdaşlygy ýola goýmakda onuň alyp barýan işlerine ýokary baha berip, iki ýurduň has-da ýakynlaşmagy, dostluk we hyzmatdaşlyk köprülerini berkitmek ugrunda tagallalary üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Şunda Türkmenistana şu gezekki saparyň hem ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmegiň ýolunda möhüm ädime öwrüljekdigine ynam bildirildi.
Duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynyň wajyp ähmiýete eýedigine aýratyn üns çekildi.
Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň alyp barýan döredijilikli işiniň medeni-ynsanperwer ulgamda netijeli hyzmatdaşlygyň nusgasy bolup durýandygyny hem-de iki ýurduň halklarynyň ýakynlaşmagyna ýardam berýändigini aýdyp, Gahryman Arkadag hanym Neda Bergere berk jan saglyk, abadançylyk, jogapkärli işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.