27-nji iýunda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurtda iş alyp barýan türk kompaniýalarynyň ýolbaşçylary — “Polimeks Inşaat ve Sanayi A.Ş.” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Erol Tabanja, “Rönesans Holding” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjak, “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Türkiýäniň kompaniýalary bilen köp ýyllaryň dowamynda netijeli hyzmatdaşlyk edýändigini, birnäçe bilelikdäki iri taslamalaryň, şol sanda gurluşyk ulgamyndaky taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň munuň aýdyň netijesidigini nygtady.Hususan-da, Erol Tabanja ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk edýändigine buýsanýandygyny nygtap, “Polimeks” kompaniýasynyň özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de dowam etdirmäge, şoňa görä-de, ähli mümkinçiliklerini herekete girizmäge taýýardygyny tassyklady.
Myhman Aşgabada şu gezek geleninde, ak mermerli türkmen paýtagtynyň örän özgerendigini, has-da owadanlaşandygyny, şeýle-de şäherde ägirt uly işleriň ýerine ýetirilendigini belledi. “Rönesans Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşykda Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary, bilelikdäki işde, şol sanda dünýä bazarlarynda uly islege eýe bolan önümleri çykarýan iri senagat desgalaryny gurmak ulgamynda toplanan tejribäni nazara alyp, köpýyllyk hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alşyldy. “Çalyk Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bolsa özlerine berilýän hemmetaraplaýyn goldaw üçin türk işewürleriniň adyndan tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda geljekde-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdi.