Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýedäki ýertitremede şehit bolanlaryň hatyrasyna sadaka berdi

Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýedäki ýertitremede şehit bolanlaryň hatyrasyna sadaka berdi

Şu gün Aşgabadyň Parahat-7 ýaşaýyş toplumynda ýerleşýän Hezreti Omar metjidinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow galam hakynyň serişdelerine Türkiýe Respublikasynda köp sanly adam pidalaryna getiren ýertitreme zerarly şehit bolanlaryň hatyrasyna sadaka berdi. Bu barada Watan habarlar gepleşiginde habar berildi.

Metjide gelende Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şu waka bilen baglylykda ýörite Aşgabada gelen Türkiýe Respublikasynyň din wekillerini mähirli mübärekledi.

Söhbetdeşligiň dowamynda türkmen-türk gatnaşyklaryny, ilkinji nobatda bolsa, taryhy ýüzýyllyklara uzap gidýän ynsanperwer gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň möhümdigi nygtaldy. Weýrançylykly ýertitremäniň köp sanly pidalarynyň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna tüýs ýürekden duýgudaşlyk sözleri, ejir çekenlere bolsa, tiz sagalmaklary baradaky dilegler beýan edildi.

Türkiýeli myhmanlar şehit bolanlaryň hatyrasyna bildirilýän hormat üçin türkmen halkynyň Milli Liderine tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar hem-de pursatdan peýdalanyp, şu günki sadakanyň guralandygy we çakylyk üçin hoşallyklaryny bildirdiler.

Din wekilleri mukaddes Gurhanyň aýat-sürelerini okadylar hem-de şehit bolanlaryň jaýlarynyň jennet bolmagy barada dileg etdiler.

Türkmenistanyň müftüsi tebärek çykandan soňra, sadaka gatnaşyjylara nahar çekildi. Tagam dadylandan soňra, aýat-töwir edildi.

Sadaka tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.

Ýene degişli makalalar

Änewde gurlan täze metjit Seýit Jemaleddin metjidi diýlip atlandyrylar
Häkimiýetler Mawlid baýramy sadakalary üçin telekeçilere azyk, pul 'salgydyny' saldy
Türkmenistanlylar, güýçlendirilen howpsuzlyk çäreleriniň arasynda, baýram namazyny okady
ЗАЛОЖЕН ФУНДАМЕНТ ГЛАВНОЙ МЕЧЕТИ АХАЛСКОГО ВЕЛАЯТА
Gökdepede Gurbanguly Berdimuhamedowyň Käbä zyýaratyna bagyşlanyp sadaka berildi
Aşgabatda Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi, Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Gahrymany diýen at dakyldy, Arkadagda çagalar seýilgähiniň gurluşygyna girişildi we beýleki habarlar