Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygyny kabul etdi

Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygyny kabul etdi

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşdy. Bu barada Watan habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, duşuşygyň dowamynda iki ýurduň arasynda haryt dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmak we bu ugurda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alyp maslahatlaşyldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygyny sahawatly türkmen topragynda görýändigine şatdygyny aýdyp, doganlyk Türkiýede ýakynda pajygaly ýertitreme zerarly bolan heläkçilige çuňňur gynanjyny beýan etdi.

Myhman tüýs ýürekden sagbolsun aýdyp, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm ugurlary boýunça pikir alyşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirdi. Şeýle-de ol Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa aýdan mähirli sözlerini beýan etdi.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýakyn wagtda Türkiýede wajyp jemgyýetçilik-syýasy çäre bolan Prezident saýlawlarynyň geçiriljekdigini belläp, Rejep Taýyp Ärdogana saýlawlarda üstünlikleri gazanmagyny arzuw etdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanda ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk, oba hojalygy, azyk we dokma senagaty pudaklary, ýokary tehnologiýalar, ekologiýa ýaly möhüm ugurlarda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak ugrunda täze mümkinçilikler açylýar. Şol bir wagtyň özünde, azyk we derman serişdeleriniň önümçiligi boýunça bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň ähmiýeti barada aýdyldy.

Şeýle-de duşuşygyň barşynda iki ýurduň işewür düzümleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi barada aýdylyp, Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligiň mümkinçiliklerini artdyrmak, olaryň halkara giňişlige aralaşmagyny ýola goýmak bilen baglanyşykly meseleler içgin öwrenildi.

Ýene degişli makalalar

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW TÄZE ŞÄHERIŇ AÇYLYŞ DABARASYNA GATNAŞDY
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy bilen duşuşygy
Halk Maslahatynyň Başlygy söwda toplumynyň sergisine baryp gördi
Serdar Berdimuhamedow Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygyny kabul etdi
Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu Türkmenistana geldi