Gurbanguly Berdimuhamedow Täjigistanyň Oli Majlisiniň Milli Majlisiniň Başlygy bilen duşuşdy

Gurbanguly Berdimuhamedow Täjigistanyň Oli Majlisiniň Milli Majlisiniň Başlygy bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Duşenbe şäherine saparynyň çäklerinde penşenbe güni Täjigistanyň Oli Majlisiniň Milli Majlisiniň Başlygy Rustam Emomali bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Oli Majlisiň Milli Majlisiniň Başlygy Rustam Emomali Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga goşýan uly goşandyny aýratyn belledi hem-de türkmen halkynyň Milli Lideriniň täjik-türkmen gatnaşyklarynyň, strategik hyzmatdaşlygynyň okgunly ösdürilmegini üpjün etmekdäki hyzmatlaryna ýokary baha berdi.

Rustam Emomali özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny belläp, türkmen halkynyň Milli Lideriniň şu resmi saparynyň barşynda gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmeginiň parlamentara derejedäki hyzmatdaşlyga täze itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary yzygiderli ösdürmekde milli parlamentlere möhüm orun berilýändigini aýdyp, ikitaraplaýyn hem köptaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmakda parlament diplomatiýasynyň gurallaryny ilerletmek meselelerinde türkmen tarapynyň işjeň ornuny belledi.

Söhbetdeşler şunda iki döwletde döredilen parlament dostluk toparlarynyň uly ornuna ünsi çekip, olaryň işine ýokary baha berdiler hem-de bu düzümleriň doganlyk halklaryň arasyndaky özara düşünişmegiň netijeli guraly bolup durýandygyny nygtadylar.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Täjigistanyň Oli Majlisiniň Milli Majlisiniň Başlygy Rustam Emomalä ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge işjeň gatnaşýandygy we uly şahsy goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow günüň ikinji ýarymynda Duşenbe şäherinde ýerleşýän “Borbad” köşgünde geçirilen “Dostluk agşamy” atly bilelikdäki konserte gatnaşdy.

Ýene degişli makalalar

Däp bolan dostlukly türkmen-täjik gatnaşyklary
Gahryman Arkadagymyz Rustam Emomali bilen duşuşdy
Halkara gatnaşyklarynda parlament diplomatiýasy ösdürilýär
Aşgabatda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Koreýa Respublikasynyň parlament ýolbaşçylary duşuşdylar
Türkmenistanda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Koreýa Respublikasynyň parlament ýolbaşçylarynyň ikinji duşuşygy geçirildi
Türkmen häkimiýetleri SSSR gaýtadan gurlar öýdüp gorkýar balkanly ýaşaýjylar