Gurbanguly Berdimuhamedow Sindzo Abeni hatyralap gurbanlyk sadakasyny berdi

Gurbanguly Berdimuhamedow Sindzo Abeni hatyralap gurbanlyk sadakasyny berdi

Şu gün Aşgabadyň günorta künjeginde ýerleşýän Arkadag myhmanhanasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýanyň ozalky Premýer-ministri Sindzo Abeniň ýagty ýadygärligine bagyşlap, gurbanlyk sadakasyny berdi. Bu barada Watan habarlar gepleşiginde habar berilýär.

Sadakada Sindzo Abeniň ýagty ýadygärligine hormat hökmünde ör turlup, bir minut dymyşlyk edildi. Soňra Aşgabat şäheriniň ymamy tebärek çykyp, berilýän gurbanlyk sadakasynyň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagyny dileg etdi.

Gurbanlyk sadakasyndan soňra Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisine ýüzlenip, Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito, dostlukly ýurduň Premýer-ministri Fumio Kisida çuňňur gynanjyny ýetirmegi haýyş etdi. Şeýle-de Ýaponiýanyň ozalky Premýer-ministri Sindzo Abeniň maşgalasyna öz adyndan we maşgalasynyň adyndan çuňňur gynanjyny hem-de medet beriji sözlerini ýetirmegi haýyş etdi. Ýapon ilçisi öz ýurdunyň merhum bolan ozalky Hökümet Baştutanyny hatyralap, gurbanlyk sadakasynyň berlendigi we onuň hatyrasynyň belent tutulandygy üçin öz adyndan hem-de ähli ýapon halkynyň adyndan tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda merhum Sindzo Abeniň adyna sadaka berildi
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy sadaka gatnaşdy
Türkmen halkynyň Milli Lideri Mekge şäherinde Gurbanlyk sadakasyny berdi
Türkmen halkynyň Milli Lideri Mekgede juma namazyny okady hem-de gurbanlyk sadakasyny berdi
Gökdepede Gurbanguly Berdimuhamedowyň Käbä zyýaratyna bagyşlanyp sadaka berildi
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow köpugurly işewürlik merkezli “Garagum” oteliniň açylyş dabarasyna gatnaşdy