Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) Astana sammitiniň çäklerinde geçirilen wekiliýet baştutanlarynyň ŞHG+ görnüşindäki duşuşygyndaky çykyşynda geografik taýdan Türkmenistanyň uly taslamanyň tebigy we has oňaýly halkasy bolup durýandygyny we onuň çäklerinde ŞHG döwletleri bilen dürli formatlarda we düzümlerde işlemäge taýýardygyny aýtdy. Bu barada TDH ýazýar.
Habarda bellenilişi ýaly, ulag-üstaşyr ulgam barada aýdylanda, Gahryman Arkadagyň çykyşynda nygtamagyna görä, bu babatda Merkezi Aziýanyň üsti bilen Hytaýdan Ýewropa we Ýakyn Gündogara barýan ugry bellemeli. Anyk aýdylanda, gürrüň Ýewropa çykmak arkaly Hytaý Gyrgyzystan Özbegistan Türkmenistan Eýran Türkiýe geçelgesi barada barýar. Logistika nukdaýnazaryndan, bu örän amatly ýoldur.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň bu meseläni gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlar bilen içgin ara alyp maslahatlaşmaga taýýardygy aýratyn bellenildi.
Halk Maslahatynyň Başlygynyň aýdyşy ýaly, Türkmenistanyň we ŞHG ýurtlarynyň gatnaşmagynda beýleki bir möhüm ähmiýetli utgaşykly ugry Türkmenbaşy şäheriniň üsti bilen Hazar deňziniň gündogar kenarýakasynyň ugry boýunça we soňra günorta tarapa, Eýranyň aýlagdaky deňiz terminallaryna barýan Demirgazyk-Günorta geçelgesi bilen baglanyşyklydyr.
Gahryman Arkadagyň pikirine görä, Merkezi Aziýanyň, Hindistanyň we Pakistanyň serişdeler, ykdysady we ulag kuwwatlyklaryny birleşdirmek bilen baglylykda, ŞHG ýurtlarynyň gatnaşmagy üçin mümkinçilikler bar.