Gurbanguly Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň Emiri bilen duşuşdy

Gurbanguly Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň Emiri bilen duşuşdy

Şu gün Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Saud Arabystanyň Patyşalyk maşgalasynyň agzasy Emir Muhammed ben Saad ben Halid ben Muhammed Al Saud bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň resmi saýty habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Myhman türkmen halkynyň Milli LIderine Saud Arabystanyň Patyşasynyň we Mirasdüşer Şazadasynyň aýdan mähirli sözlerini ýetirdi. Şeýle-de düýn ýurtda bellenilen Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet Baýdagynyň güni bilen tüýs ýürekden gutlady.

Myhman Türkmenistanyň häzirki döwürde gazanýan üstünliklerine we ählumumy gün tertibiniň möhüm meselelerini çözmek boýunça öňe sürýän netijeli başlangyçlaryna ýokary baha berdi.

Saud Arabystanyň Patyşalyk maşgalasynyň agzasy Milli Lidere ejesi Ogulabat Berdimuhamedowanyň aradan çykmagy sebäpli çuňňur gynanjyny aýtdy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy aýdylan sözler üçin minnetdarlyk bildirdi.

Mundan başga-da, duşuşygyň çäginde iki ýurduň diňe bir ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda däl, eýsem, abraýly halkara düzümleriniň, ilkinji nobatda Birleşen Milletler Guramasynyň we Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlyk edilýändigi nygtaldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Er-Riýadda Bitewi suw sammitine gatnaşdy
Gurbanguly Berdimuhmedow Saud Arabystanynyň Mirasdüşer Şazadasy bilen duşuşdy
Asylly işler rowaçlyklara beslenýär
5-nji dekabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň “Bitewi suw” sammitindäki çykyşy
Türkmen halkynyň Milli Lideri Saud Arabystany Patyşalygynyň Mirasdüşer Şazadasy, Premýer-ministri bilen duşuşdy