Gurbanguly Berdimuhamedow Russia Halal Expo halkara sergisine aýlanyp gördi

Gurbanguly Berdimuhamedow Russia Halal Expo halkara sergisine aýlanyp gördi

Şu gün Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Tatarytsan Respublikasynyň Raisi Rustam Minnihanow bilen bilelikde Kazanda geçirilýän Russia Halal Expo halkara sergisine aýlanyp gördi.

Russia Halal Expo sergisi Russiýa Federasiýasynyň sebitleri bilen Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýurtlarynyň arasyndaky ykdysady, ylmy we tehnologiki hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri hödürlenilýän iň uly platformalaryň biridir.Ol Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum — 2024 halkara ykdysady forumyň gatnaşyjylarynyň arasynda konstruktiw gepleşikleri ýola goýmak, işewürlik taslamalaryny ösdürmek üçin ajaýyp giňişlik bolup hyzmat edýär.

Sergä şu ýyl dünýäniň 11 ýurdundan we Russiýanyň 17 sebitinden wekiller gatnaşýarlar. Şolaryň hatarynda sergide türkmen pawilýony hem görkezilişe çykaryldy.

Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Rustam Minnihanow sergä aýlanyp görmegiň çäginde Tatarystan Respublikasynyň hem-de Türkmenistanyň diwarlyklary bilen ýakyndan tanyşdylar.

Türkmenistanyň diwarlygynda myhmanlara milli halylar, dokma önümleri, el işleri we olaryň öndürilişiniň täsin tehnologiýasy bilen giňişleýin tanyşmaga mümkinçilik döredildi. Şeýle-de türkmen halyçylyk sungatynyň baý taryhy, bu senediň 5 ýyl mundan ozal ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşulandygy gürrüň berildi. Şol bir wagtyň özünde sergä gatnaşýan türkmen halyçysy Tatarystanyň baýdagynyň şekilinde dokalan dokma önümini Rustam Minnihanowa sowgat berdi.

Ýene degişli makalalar

Gurbanguly Berdimuhamedow “Russia Halal EXPO-daky” Türkmenistanyň milli pawilýonyna baryp gördi
Gurbanguly Berdimuhamedow BMG üçin yslam başlangyjyny işläp taýýarlamagy teklip etdi
TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI “RUSSIÝA — YSLAM DÜNÝÄSI: KAZANFORUM 2024” XV HALKARA YKDYSADY FORUMYNA GATNAŞDY
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Kazana amala aşyran iş sapary tamamlandy
2023: Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky haryt dolanyşygy 13% ýokarlandy
Türkmen halkynyň Milli Lideri Kazanda birnäçe duşuşyklary geçirdi