Gurbanguly Berdimuhamedow resmi sapar bilen BAE bardy, Türkmengaz Abu-Dabiniň Milli nebit kompaniýasy bilen Ähtnama baglaşdy, Aşgabatda Eýranyň Medeniýet günleri açyldy, Atagulyýew Senagat PTB-niň täze başlygy wezipesine bellenildi we beýleki habarlar

Gurbanguly Berdimuhamedow resmi sapar bilen BAE bardy, Türkmengaz Abu-Dabiniň Milli nebit kompaniýasy bilen Ähtnama baglaşdy, Aşgabatda Eýranyň Medeniýet günleri açyldy, Atagulyýew Senagat PTB-niň täze başlygy wezipesine bellenildi we beýleki habarlar

1. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow resmi sapar bilen BAE bardy. Saparyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri BAE-niň iň uly metjidi bolan Şeýh Zaýed metjidine baryp gördi.

Gurbanguly Berdimuhamedow metjide mukaddes Gurhany we namazlygy sowgat berdi.

2. Türkmen halkynyň Milli Lideri BAE-niň Prezidenti bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň geljegi barada pikir alyşdy. Ýangyç-energetika toplumy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezildi.

3. Türkmengaz döwlet konserni bilen Abu-Dabiniň Milli nebit kompaniýasynyň arasynda energetika pudagynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Şonuň bilen birlikde, taraplar Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen Abu-Dabiniň Birinji bankynyň arasynda korrespondent hasabyny açmagyň we ýöretmegiň şertleri hem-de tertibi hakynda Ylalaşyga gol çekdiler.

4. Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Begenç Atagulyýewi Senagat paýdarlar täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy wezipesine saýlamak hakynda Senagat paýdarlar täjirçilik bankynyň paýdarlarynyň umumy ýygnagynyň karary tassyklanyldy.

5. Türkmenistanda Şährislam taryhy ýadygärlikler toplumynda ýerleşýän ýerasty sardobany dikeltmek boýunça işler tamamlandy. Şeýle hem onuň golaýynda ýerleşen azyk önümlerini saklamak üçin niýetlenen guýy gaýtadan dikeldildi. Gadymy döwürde Bäherdeniň 20 km demirgazygynda ýerleşýän Şährislam Beýik Ýüpek ýolunyň çatrygyndaky gadymy şäher bolupdyr. Şäher 9-njy asyrdan 15-nji asyryň başyna çenli ýaşapdyr.

6. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy. Mukamlar köşgüniň sahnasynda Eýranyň sungat ussatlarynyň meşhur Kormanj we Ronak döredijilik toparlarynyň, halk aýdym-sazlaryny we tanslaryny ýerine ýetirijileriň konserti boldy.

Dünýäde

7. Amerikan konsalting agentliginiň hünärmenleri iň ygtybarly ulagy kesgitlemek üçin üç ýyllyk awtoulaglaryň eýeleriniň 30 müňüsiniň arasynda sorag geçirdiler. Bu ýylky ygtybarlylyk sanawynda Lexus ýeňiji boldy.

8. Azerbaýjanyň demirgazyk sebitleriniň birinde doňan şaglawuk her gün köp sanly ýerli we daşary ýurtly syýahatçylaryň ünsüni özüne çekýär. Tebigatyň täsinligi Guba sebitinde daglyk Gryz obasynyň golaýynda ýerleşýär. Oňa barmak üçin dag ýollaryndan 40 km, soňra bolsa pyýada birnäçe kilometr ýol geçmeli. Şaglawuk deňiz derejesinden 2 müň metr belentlikde ýerleşýär, golaýynda bolsa gowak ýerleşendir.

Sport habarlary

9.Madridiň Realynyň futbolçylary klublaryň arasynda dünýä çempionatynyň final duşuşygynda Saud Arabystanynyň Al-Hilal toparyndan 5-3 hasabynda üstün çykdylar.Bu çempionat Marokkoda geçirildi. Ýeňijileriň düzüminde Winisius Žunior we Federiko Walwerde dubl bilen tapawutlandylar, ýene bir pökgini bolsa Karim Benzema geçirdi.

Real klublaryň arasynda dünýä çempionatynda bäşinji gezek ýeňiji boldy.Ondan öň kubogy 2014, 2016, 2017 we 2018-nji ýyllarda alypdy.

10. Garyşyk söweş sungatlary boýunça rus söweşiji Islam Mahaçew Awstraliýada geçirilen baýrak ugrundaky UFC tutluşygynda awstraliýaly Aleksandr Wolkonowskini ýeňdi. Mahaçew 5 döw dowam eden tutluşygyň netijeleri boýunça eminleriň biragyzdan karary bilen ýeňiş gazandy.

Ýene degişli makalalar

Satuwy ýokarlandy
Has rahat oturgyçly täze awtomobilleriň sanawy düzüldi
Ýaşy 3 ýyl bolan iň ygtybarly awtomobiller belli edildi
Täze nesil Lexus LX SUV awtoulagy 14-nji oktýabrda tanyşdyrylar
Türkmenistanda ogul atasynyň ornuny alýar
Türkmen türgenlerine hormatly Prezidentimiziň sylaglary...