Gurbanguly Berdimuhamedow oba hojalyk ylmy-barlag institutlarynda alnyp barylýan ylmy işler bilen gyzyklandy

Gurbanguly Berdimuhamedow oba hojalyk ylmy-barlag institutlarynda alnyp barylýan ylmy işler bilen gyzyklandy

Habar berşimiz ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheri boýunça iş saparyny amala aşyryp, şäheriň eteginde ýerleşýän Türkmengallaönümleri döwlet birleşiginiň Ruhabat galla önümleri önümçilik toplumyna bardy we onuň işi bilen tanyşdy.

Watan habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu ýerde degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda geçiren iş maslahatynyň barşynda Halk Maslahatynyň Başlygy Prezident Serdar Berdimuhamedowyň geçen ýyl Arkadag şäherine baryp, onuň ikinji tapgyrynda ylmy-barlag däneçilik, ekerançylyk, pagtaçylyk institutlarynyň binalarynyň gurulmalydygyny aýdandygyny we ol desgalaryň guruljak ýerlerini kesgitläp berendigini belledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow oba hojalyk pudagyna degişli ylmy-barlag institutlarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşýandygyna örän şatdygyny aýdyp, olaryň alyp barýan ylmy işleri bilen gyzyklandy.

Ylmy-barlag däneçilik institutynyň direktory D.Babaýew häzirki döwürde Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tagallasy netijesinde ýurduň oba hojalyk pudagynyň ylmy esasda ösdürilýändigi, pudaga ylmyň we tehnikanyň iň soňky gazananlarynyň, täze tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylýandygy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy esasynda Arkadag şäherinde gurlan Oba hojalyk toplumynyň binasyna ylmy-barlag institutlarynyň göçürilip getirilmegi ýurduň alymlary üçin ýatdan çykmajak taryhy waka öwrüldi. Dünýä ülňülerine laýyklykda enjamlaşdyrylan bu binada alymlaryň döredijilikli işlemegi, ylmy-barlaglary netijeli alyp barmaklary üçin ähli zerur şertler döredildi.

Halk Maslahatynyň Başlygy tohumçylyk-seçgi işlerini kämilleşdirmek, dänäniň we pagtanyň ýerli tebigy-howa şertlerine laýyk gelýän, kesele durumly we ýokary hasylly görnüşlerini taýýarlamak, alymlaryň bu ugurdaky tejribesini artdyrmak we hünär derejesini ýokarlandyrmak meseleleriniň yzygiderli gözegçilikde saklanmalydygyny belledi.

Ylmy-barlag ekerançylyk institutynyň direktory M.Annanepesow ýurduň oba hojalygynda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň pudagyň toplumlaýyn ösdürilmegini, oba hojalyk önümleriniň möçberleriniň artdyrylmagyny esasy ugur edinýändigini belledi we bu babatda döwlet tarapyndan döredilýän mümkinçilikler üçin hoşallygyny beýan etdi. Şeýle hem alym hünärmenleri ylmy-önümçilik gollanmalar bilen üpjün etmek, ekerançylyk ýerleriniň hasyllylygyny artdyrmak, gök-bakja önümleriniň täze görnüşlerini synag etmek ugrunda toplumlaýyn ylmy işleriň alnyp barylýandygyny, şunda halkara hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berilýändigini nygtady.

Gahryman Arkadag ekerançylygyň ylmy esasda ösdürilmeginiň wajyp wezipe hökmünde kesgitlenendigini belläp, ekinleri ýazky we güýzki möhletlerde ösdürip ýetişdirmegiň usullarynyň kämilleşdirilmelidigine, bu ugurda milli ekerançylyk däpleriniň we dünýäniň ösen tejribesiniň netijeli özleşdirilmelidigine ünsi çekdi.

Iş maslahatynyň dowamynda Ylmy-barlag pagtaçylyk institutynyň direktory M.Meredow häzirki döwürde oba hojalyk ylmyny hemmetaraplaýyn ösdürmegiň meseleleri, seçgiçi alymlaryň gowaçanyň ýurduň toprak-howa şertlerinde ýokary hasyl berýän, kesele durnukly inçe hem-de orta süýümli görnüşlerini döretmek ugrunda alyp barýan işleri barada hasabat berdi.

Alym Arkadag ekinleriň seçgiçilik we tohumçylyk işleri boýunça ýerine ýetirilýän ylmy-barlag işleriniň derejesine möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi.

Soňra Tükmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti R.Bazarow häzirki wagtda ýurduň oba hojalyk işgärleri, pudagyň ylmy-barlag institutlarynyň alymlary bilen duşuşyklaryň geçirilýändigi, olaryň başlangyçlarynyň, öňe sürýän teklipleriniň öwrenilýändigi barada hasabat berdi.

Gahryman Arkadag oba hojalykçy alymlar bilen duşuşyklaryň guralmagynyň, oňa ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň we ýaş mugallymlarynyň işjeň çekilmeginiň ähmiýetli boljakdygyna ünsi çekdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri oba hojalyk pudagynda uly işleriň alnyp barylýandygyny, esasy maksadyň halkyň azyk bolçulygyny üpjün etmekden ybaratdygyny belledi.

Halk Maslahatynyň Başlygy möwsümine görä ýere dynç berip, zerur bolsa, ekin dolanyşygyny geçirmegiň, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny hemişe üns merkezinde saklamagyň, onuň şorlaşmagyna garşy wagtynda göreşmegiň wajypdygyny belläp, ýurduň toprak-howa şertlerine uýgunlaşan ekinleri ekmegiň, olara döküni we suwy zerur mukdarda hem-de öz wagtynda, ylmy tejribä esaslanyp bermegiň döwrüň möhüm wezipesidigine ünsi çekdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri ýygnalyp alnan galla hasylyny elewatorlarda, däne ammarlarynda talabalaýyk saklamagyň, bu işe hemişe berk gözegçilik etmegiň, hasylyň kabul edilşini, guradylyşyny, sarp edijilere ugradylyşyny ýokary derejede guramagyň möhüm meseledigini aýratyn belledi.

Ýene degişli makalalar

Daýhan yhlasly toprak bereketli
Ösen ýurtlarda soňky 10 ýylda sowatlylyk güýçli pese gaçdy
Gyrgyz intellektuallaryndan Kasym Tynystanow
Oba hojalygy ylmy esasda ösdürilýär
Alymlar hususy öýli bolmak bilen ömrüň dowamlylygynyň özara baglanyşygyny kesgitlediler
DAŞARY ÝURT RAÝATLARYNY TÜRKMENISTANYŇ MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ 300 ÝYLLYGYNA ATLY ÝUBILEÝ MEDALY BILEN SYLAGLAMAK HAKYNDA TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ PERMANY