Gurbanguly Berdimuhamedow Kasym-Žomart Tokaýewe gutlag iberdi

Gurbanguly Berdimuhamedow Kasym-Žomart Tokaýewe gutlag iberdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe we ýurduň ähli halkyna milli baýram — Respublika güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada TDH habar berýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri ýakynda Aşgabat şäherinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen halkara forumyň çäklerinde bolan duşuşygy örän ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny, açyklyk we ynanyşmak ýagdaýynda geçen gepleşikleriň dowamynda iki ýurduň arasyndaky köpugurly özara gatnaşyklary giňeltmäge iki tarapyň hem çalyşýandygynyň we taýýardygynyň tassyklanandygyny belledi.

Gahryman Arkadag ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe berk jan saglyk, bagtyýarlyk, jogapkärli işinde üstünlikleri, Gazagystan Respublikasynyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, öňegidişlik, mundan beýläk-de gülläp ösüş arzuw etdi.

Ýene degişli makalalar

The Economist neşiriniň MA boýunça demokratiýa reýtingi: Türkmenistan ýene yzda, Özbegistan ýokarlandy, Gyrgyzystan Gazagystandan öňe geçdi
Gazagystan Türkmenistan bilen arasyndaky maýa goýumlaryny höweslendirmek baradaky ylalaşygy tassyklamagy meýilleşdirýär
Biziň tebigy gaz serişdelerimiz global bazarlarda uly islegden peýdalanýar "Türkmengaz"  
Ýewraziýa ýurtlarynyň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary
Magtymgulynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan halkara forumyň Jemleýji resminamasy BMG-niň resminamasy hökmünde çap edildi
4-nji noýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Tokaýew Parižde Makron bilen gepleşik geçirdi