Gurbanguly Berdimuhamedow iki günlük sapar bilen Duşenbe şäherine bardy

Gurbanguly Berdimuhamedow iki günlük sapar bilen Duşenbe şäherine bardy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow penşenbe güni iki günlük sapar bilen Täjigistanyň paýtagty Duşenbe şäherine bardy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Duşenbe şäheriniň Halkara howa menzilinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny Täjigistanyň Premýer-ministri Kohir Rasulzoda we beýleki resmi adamlar garşyladylar.

Soňra howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow täjik tarapynyň resmi wekili bilen gysga wagtlyk söhbetdeşlik geçirdi.

Täjigistanyň “Howar” agentliginiň habar bermegine görä, saparyň çäklerinde Türkmenistan bilen Täjigistanyň arasynda ýokary derejeli duşuşyklaryň we gepleşikleriň geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Duşuşyklaryň ahyrynda Türkmenistanyň bilen Täjigistanyň arasynda hyzmatdaşlyk boýunça birnäçe täze resminamalara gol çekilmegine garaşylýar.

Şeýle hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Täjigistana saparynyň çäklerinde ýurduň “Kohi Borbad” döwlet toplumynda “Dostluk agşamy” mowzugy bilen geçiriljek iki ýurduň sungat ussatlarynyň bilelikdäki aýdym sazly konsertine gatnaşar.

Mundan başga-da, 2024-nji ýylyň 3-nji aprelinde Duşenbe şäherinde Türkmenistanyň Täjigistandaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy geçirildi.

Ýene degişli makalalar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Prezident Emomali Rahmonyň arasyndaky gepleşikler
Türkmen halkynyň Milli Lideri Täjigistanda Ismoil Somoniniň ýadygärligine gül goýdy
Gurbanguly Berdimuhamedow Täjigistana resmi sapar bilen bardy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Täjigistana sapary tamamlandy
Türkmenistan Täjigistan bilen howa gatnawlaryny dikeltmegi meýilleşdirýär
Däp bolan dostlukly türkmen-täjik gatnaşyklary