Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaýyň Döwlet geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary bilen duşuşdy

Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaýyň Döwlet geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaýyň Döwlet geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary, Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň Syýasy býurosynyň Hemişelik Komitetiniň agzasy Din Sýuesýan bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty çarşenbe güni habar berdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Bir guşak, bir ýol” üçünji ýokary derejeli maslahatyna gatnaşmak üçin 17-nji oktýabrda iş sapary bilen Hytaýa bardy.

Günortanlyk nahary wagtyndaky duşuşygyň dowamynda söhbetdeşler iki döwletiň dünýä gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça garaýyşlarynyň ýakyndygyny ýa-da gabat gelýändigini kanagatlanma bilen bellediler.

Habarda bellenilişi ýaly, söwda-ykdysady, ýangyç-energetika we ulag-kommunikasiýa ulgamlary, senagat, oba hojalyk pudaklary we beýleki ugurlar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi.

Şeýle hem taraplar iki ýurduň parlamentleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary işjeňleşdirmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Ýene degişli makalalar

Wýetnam täze baş sekretaryny saýlady
Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň 6-njy mejlisi Aşgabatda geçiriler
Türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň altynjy mejlisinde birnäçe resminamalara gol çekildi
Türkmenistanyň Prezidenti HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasaryny kabul etdi
Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy pugtalandyrylýar
Raşid Meredow Aşgabatda HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary bilen duşuşdy