Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken Kararyna laýyklykda, Hazar deňzi institutynyň gurluşy tassyklanyldy.
Bellenilişi ýaly, bu resminama “Kiberhowpsuzlyk hakynda” Türkmenistanyň Kanunynda we “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda” göz öňünde tutulan wezipelere laýyklykda, maglumat howpsuzlygyna degişli işleriň durmuşa geçirilmegini doly üpjün etmek, şeýle hem Hazar deňzi institutynyň gurluşyny has-da kämilleşdirmek maksady bilen kabul edildi.