Gurbanguly Berdimuhamedow Haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň birinji mejlisini geçirdi, Arkadag şäherinde durmuş toýy tutuldy, türkmen zyýaratçylary Saud Arabystanyndan Watanlaryna dolandylar we beýleki habarlar

Gurbanguly Berdimuhamedow Haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň birinji mejlisini geçirdi, Arkadag şäherinde durmuş toýy tutuldy, türkmen zyýaratçylary Saud Arabystanyndan Watanlaryna dolandylar we beýleki habarlar

Türkmenistan

1. Şenbe güni türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň birinji mejlisini geçirdi.Mejlisiň dowamynda Haýyr-sahawat gaznasynyň alyp baran işleriniň jemi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna howandarlyga mätäç çagalara jemi 140 operasiýanyň geçirilendigi we ýatymlaýyn şertlerde bejergi işleriniň amala aşyrylandygy habar berildi. Şunuň bilen birlikde, ýurduň welaýatlaryndaky hassahanalaryň çagalar bölümleri Tiz kömek awtoulaglary we zerur lukmançylyk serişdeleri bilen üpjün edildi.

Köp sanly çaga ynsanperwerlik kömegi berildi, häzirki zaman lukmançylyk enjamlary satyn alyndy, daşary ýurtlara ynsanperwerlik kömekleri ugradyldy.Mundan başga-da, Haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan şanly seneler mynasybetli çagalara, şeýle hem halkara ýaryşlarda ýokary üstünlikleri gazanan türgenlere sowgatlar gowşuryldy.

2. Golaýda açylan Arkadag şäherinde ilkinji durmuş toýy tutuldy. Dabara şäheriň täze Bagt köşgi toý dabaralary merkezinde geçirildi. Jemgyýetiň täze döredilen bölegine Agageldiýewleriň maşgalasyna Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan sowgatlar gowşuryldy.

3.Türkmen zyýaratçylarynyň ilkinji topary Gurban baýramynyň bellenilýän günlerinde Saud Arabystanynda haj parzyny berjaý edip, öz Watanlaryna dolanyp geldiler.Olar yslam dünýäsiniň merkezi hasaplanýan Mekgä baryp, mukaddes Käbä sejde etdiler, Safa we Merwe daglarynyň arasynda 7 aýlaw etdiler.

Mukaddes Medinede Muhammet pygamberiň we onuň ýoldaşlarynyň mawzoleýine, meşhur metjitlere we beýleki mukaddes ýerlere baryp gördüler.Türkmen zyýaratçylary haj parzyny berjaý edip, öz Watanlarynyň mundan beýläk hem gülläp ösmegini, halkyň abadançylygyny Gudratygüýçliden dileg etdiler.

4.Oguzhan adyndaky Türkmenfilm birleşigi doly göwrümli çeper filmleriň ikisini taýýarlamaga girişdi.Olaryň biri Kompozitor atly film bolup, nusgawy türkmen kompozitory Nury Halmämmedowyň ömrüne we döredijiligine bagyşlanýar.

Beýleki Gürgenç gözeli Törebeg atly film bolsa Gulmerdan atly ýetginjek hakynda gyzykly gürrüň berýär we onuň Altyn ordanyň hany Özbek hanyň gyzy we Köneürgenjiň häkimiň aýaly Törebeg hanym bilen duşuşmak üçin başdan geçiren wakalary beýan edilýär.

5. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow deňiz we derýa ulaglary pudagyny dolandyrmagy mundan beýläk-de kämilleşdirmegi tabşyrdy. Anna güni geçirilen Hökümetiň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýewe degişli görkezmeler berildi. Prezident Serdar Berdimuhamedow agentligiň ýolbaşçysyna deňiz we derýa ulaglary pudagyny dolandyrmagy halkara ölçeglere laýyklykda mundan beýläk-de kämilleşdirmek babatda anyk tabşyryklary berdi.

Dünýäde

6. Ýaponiýaly diýetolog Masahiro Iwasaki gyzyl bolgar burçunyň erbet holesteriniň derejesini peseldip, we şol bir wagtyň özünde gowy holesteriniň derejesini ýokarlandyryp biljekdigini belleýär.Gyzyl bolgar burçunyň ýa-da paprikanyň düzüminde kapsantin antioksidanty saklanýar. Şol hem paprika we çili burçuna gyzyl reňki berýär.

Kapsantin ýokary dykyzlykly ýa-da gowy holesteriniň işlenip çykarylmagyna jogap berýär, bu bolsa, öz gezeginde, bedende pes dykyzlykly holesteriniň derejesini peseltmäge kömek edýär.

7. Merkezi saýlaw komitetiniň deslapky maglumatlaryna görä, Özbegistanyň häzirki Prezidenti Şawkat Mirziýoýew prezident saýlawlarynda 87,05% ses alyp, ýeňiş gazandy. Bu barada Respublikanyň Merkezi saýlaw komitetiniň başlygy Zaýniddin Nizamhojaýew geçirilen brifingde habar berdi. MSK Mirziýoýewiň saýlanan döwlet Baştutany hasaplanylýandygyny aýtdy.

Sport habarlary

8. Türkmen we rus hünärmeni Gurban Berdiýew Mahaçkalanyň Dinamo toparynda işe başlady. Topar onuň wezipä bellenendigini ýekşenbe güni mälim etdi. 2022/23 möwsüminde Dinamo futbol boýunça Russiýanyň çempionatynyň Birinji ligasynda sekizinji orny eýeledi. Mahaçkalalylar täze möwsümi 15-nji iýulda Lužnikide Moskwanyň Torpedo toparyna garşy oýun bilen başlarlar.

Täze baş tälimçi eýýäm Makhaçkalanyň “Dinamo” toparynyň metbugat gullugyna interwýu berdi. Hünärmen wezipä bellenmegine täsir eden faktorlaryň arasynda toparyň strategiki ugur ideýasyny belläp geçdi. Mahaçkalanyň Dinamo topary öran möhüm we çynlakaý taslama. Dinamo toparynyň Premýer-ligada Mahaçkala wekilçilik etmegini isleýärin. Öňümizde şeýle wezipe bar. Kyn wezipe, ýöne gorkuly zat ýok diýip, Berdiýew belläp geçdi.

9.Ekstrimal güýç sporty boýunça aşgabatly türgen Dawid Melkumow täze rekord goýdy.Ol ýalaňaç elleri bilen ýörite enjamlaryň ýerine ýetirýän işini etdi Syfan lokomotiw-wagon gurluşyk kompaniýasynyň agramy 47,84 tonna deň bolan wagonyny 24 sekundyň dowamynda sekiz metr aralyga süýşürdi. Şol bir wagtyň özünde, türgeniň agramy 100 kg-dan azdyr.

Bu sport üstünligi 9-njy iýulda, ýekşenbe güni Demirýollary AGPJ-niň Aşgabatdaky şahamçalarynyň biriniň çäginde hasaba alyndy.Türgen aýaklary bilen ýörite direge daýanyp, ýüpi çekip, “arm-ower-arm” usulyndan peýdalandy.

Dawid Melkumow Turkmenportal neşiriniň habarçysy bilen söhbetdeşlikde bu synanyşygyň özi üçin daşyndan görnüşi ýaly aňsat düşmändigini boýun aldy.

10.Türkmeniň goragçysy Oraz Ataýew Moskwanyň Selebriti kubogynyň aşaky derejesiniň üçünji tapgyrynda Russiýanyň media futbol topary Basyň düzüminde “Dengi” futbol toparyna garşy pentalti urgulary tapgyrynda pökgini tora girizdi.

Duşuşygyň esasy wagty 1:1 hasabynda tamamlanandan soň, penalti urgulary tapgyry bilen dowam etdi.Oraz bu oýunda duşuşygyň ähli 90 minudyny meýdançada geçirdi. 11 metrlik urgudan soň Ataýewiň topary ýaryşyň indiki tapgyryna çykdy we onda BroukBoyz topary bilen duşuşar.

Duşuşyk 12-nji iýulda Moskwadaky Sapsan Arenada geçiriler.Jübütiň ýeňijisi ýaryşyň baş finalynda 2Drots topary bilen oýnar.

11. 16-njy iýulda Buharada Russiýanyň Open FC ligasy bilen Özbegistanyň Amir Temur Fighting Championship promouşen kompaniýasynyň bilelikdäki ýaryşy geçirer. Ýaryşyň orta agram derejesinde türkmenistanly türgen Myrat Tohtamyşew özbegistanly Mamurjon Hamidow bilen duşuşyk geçirer.

Ýene degişli makalalar

Dünýä belli hindi işewüri aradan çykdy
Sport teleýaýlymy Merwiň we Altyn asyryň AFK kubogyndaky oýunlaryny göni ýaýlymda görkezer, türkmenistanly zehinler Delfi oýunlaryna gatnaşarlar, Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri Aşgabat şäherine geldi we beýleki habarlar
Öňki tussag: Döwlet näsag çagadan 'ar alýar'
Türkmeniň Altyn asyry atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijileri mälim edildi
Gahryman Arkadagymyzyň ynsanperwer sahawaty
Haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna bejergi alan çagalar Awazada dynç alýarlar