Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow çarşenbe güni Germaniýanyň “Edison Teсhnologies” kompaniýasynyň baş direktory, “Teamtechniсk” kompaniýasynyň satuw boýunça wise-prezidenti, “Reifenhäuser” kompaniýasynyň satuw boýunça menejeri bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Duşuşyk Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Arkadag şäheriniň ikinji tapgyryň çäklerinde gurulmagy meýilleşdirilýän dürli maksatly binalaryň şekil taslamalary bilen tanyşmak üçin bolan iş saparynyň çäklerinde geçirildi.
Duşuşygyň barşynda Gurbanguly Berdimuhamedow daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň netijeli işlemekleri üçin ähli zerur mümkinçilikleriň döredilendigini, bu babatda degişli kanunçylyk binýadynyň berkidilendigini aýtdy. Şeýle hem 2030-njy ýyla çenli ýurdy senagatlaşdyrmak boýunça maksatnamada Türkmenistanyň dürli künjeklerinde senagat toplumlarynyň gurulmagynyň meýilleşdirilendigini nygtap, olaryň durmuşa geçirilmegine germaniýaly hyzmatdaşlaryň gatnaşyp biljekdiklerini belledi.
Täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň düzümine ähli ugurlar boýunça önümçilik toplumlarynyň gurluşygynyň girizilmegi ýurdy senagatlaşdyrmak, ilatyň iş orunlary bilen üpjünçiligini gowulandyrmak we gündelik sarp edilýän önümleriň önümçiligini ýokarlandyrmaga şert döredýär.
Germaniýanyň kompaniýalarynyň 20-ä golaýyny özünde jemleýän konsorsiuma wekilçilik topary Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyna gyzyklanma bildirýändiklerini nygtadylar we Arkadag şäherinde bina ediljek lukmançylyk serişdelerini öndürýän toplumyň gurluşygyna gatnaşmagyň özleri üçin uly hormat boljakdygyny bellediler. Iri kompaniýalaryň ýolbaşçylary gurulmagy meýilleşdirilýän önümçilik toplumlary üçin hünärmenleri taýýarlamagyň hem mümkinçilikleri barada aýtdylar.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar dürli ulgamlary öz içine alýan türkmen-german hyzmatdaşlygynyň okgunly ösdürilýändigine kanagatlanma bilen bellediler.
Mundan daşary, türkmen halkynyň Milli Lideri iş saparynyň çäklerinde Arkadag şäherinde gurluşygy alnyp barylýan metjidiň bezeg işlerinde ulanyljak serişdeler we şekil taslamalary bilen we beýleki desgalaryň, şol sanda “Saglyk” seýilgähiniň şekil taslamasy, täze seýilgähiň çäginde oturdylmagy meýilleşdirilýän baglaryň görnüşleri bilen tanyşdy.
Şeýle hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Gorjaw etrap häkimliginiň edara binasynyň, muzeý binasynyň, saglyk öýüniň, Awtotoplumyň we bellige alyş nokadynyň, demir ýol menziliniň, Ýangyna garşy göreş gullugynyň, söwda we hyzmat ediş toplumynyň, ähli amatlyklary özünde jemleýän ýaşaýyş jaýlarynyň, “Arkadag” futbol toparynyň ýörite nyşanlarynyň teklip edilýän görnüşleri görkezildi.