Ozal habar berşimiz ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 19-njy dekabr güni irden Içeri işler ministrliginiň Awtomobil sport toplumynyň täze binalar toplumyny gurmak üçin meýilleşdirilýän ýere bardy we ýurtda awtomobil sportunyň ösdürilmeginde möhüm ähmiýete eýe boljak binalar toplumynyň taslamalary bilen tanyşdy.
Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde Awtomobil sport toplumynyň ygtyýaryna gelip gowşan täze sport ulagy bilen tanyşdy.
Içeri işler ministri M.Hydyrow sport ulaglaryny synagdan geçirmek we tehniki mümkinçiliklerine baha bermek babatda tejribe toplan türkmen halkynyň Milli Liderinden täze sport ulagyny synagdan geçirip bermegini haýyş etdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň belleýşi ýaly, ulagy sürmäge başlamazdan ozal, zerur tehniki taýýarlyk işlerini ýerine ýetirmek, şunda ýoluň we howanyň derejesini kesgitlemek, ulagyň tehniki aýratynlyklaryny nazara almak awtomobil sporty bilen meşgullanýan türgenlere bildirilýän esasy talaplardyr.
Hormatly Arkadag sport ulagyny dolandyryp, onuň özboluşly aýratynlyklaryny we tehniki mümkinçiliklerini synagdan geçirdi.Sport awtoulagy türkmen halkynyň Milli Lideriniň dolandyrmagynda sähra ýollary boýunça çylşyrymly menzilleri geçdi.
Halk Maslahatynyň Başlygy ähli meýilleşdirilen işleriň degişli derejede geçirilmegi, gurluşyklaryň ýokary hilli ýerine ýetirilmegi we şunda häzirki zamanyň ösen tejribesiniň işjeň ulanylmagy üçin zerur tagallalaryň edilmelidigini belledi. Gahryman Arkadag toplumyň bina ediljek ýerinden aýrylýan arassa ak çägeleriň ýurduň dürli künjeklerinde gurulýan çagalar baglarynyň, sebitlerdäki çagalar meýdançalarynyň zerurlyklary üçin ulanylmagynyň maksadalaýyk boljakdygyna ünsi çekdi.
Merkeziň çäginde awtomobil sporty boýunça türgenleri taýýarlamak bilen bir hatarda, türgenleriň awtoulaglary dolandyrmakda hünärini kämilleşdirmek, ýollarda hereket sazlaşygyny üpjün etmek ukybyny we kesgitlenen tertip-düzgüni berk berjaý etmek endiklerini ösdürmek zerurdyr diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri nygtady hem-de bu babatda birnäçe maslahatlaryny berdi.
Gahryman Arkadag ýurtda awto we motosportuň dürli görnüşlerini ösdürmegiň ähmiýetlidigine ünsi çekip, geljekde halkara derejedäki awtoralli ýaryşlarynyň guralmagy babatda degişli işleri geçirmegiň zerurdygyny aýtdy. Şeýle-de soňky ýyllarda ýaşlaryň arasynda golf meýdançalaryna bolan gyzyklanmalaryň artýandygyny nazara alyp, Aşgabatda hereket edýän meýdança ýaly, Awaza milli syýahatçylyk zolagynda hem golf meýdançasyny gurmak boýunça taýýarlyk işleriniň alnyp barylmagy babatda maslahatlaryny berdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň belleýşi ýaly, bu künjegiň tebigy aýratynlygynyň göz öňünde tutulmagy möhüm talap bolup durýar. Şu maksat bilen, Garagum sährasynda sazagyň we beýleki çöl ösümlikleriniň 8 million 320 müň düýbüniň ekilmegi meýilleşdirilýär. Halk Maslahatynyň Başlygy Garagum sährasynyň ösümlik dünýäsiniň baýlaşdyrylmalydygyny, sazak, sözen ýaly syrdam çöl agaçlarynyň köpçülikleýin ekilmegine aýratyn ähmiýet berilmelidigini aýtdy diýip, TDH ýazýar.