Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparynyň barşynda Türkmenistanyň ozaldan gelýän hyzmatdaşy Fransiýanyň Bouygues Turkmen kompaniýasynyň baş direktory A.Reşow bilen duşuşdy. Duşuşykda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada TDH habar berýär.
Bellenilişi ýaly, işewür öz wekilçilik edýän kompaniýasyna ynanylan taslamalaryň ýerine ýetirilişi, işleriň depginlerini ýokarlandyrmak ugrunda edilýän tagallalar we geljekde ýerine ýetirmeli işleriň meýilnamasy barada hasabat berdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Bouygues Turkmen kompaniýasynyň ýurtda köp ýyllaryň dowamynda netijeli iş alyp barýandygyny, şu geçen döwürde bu kompaniýanyň özüni ygtybarly hyzmatdaş hökmünde görkezendigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň we ýurtda durmuşa geçirilýän taslamalaryň wajyp ugurlaryny kesgitlemegiň möhümdigini belläp, Gahryman Arkadag gurluşyk işlerinde döwrebap serişdeleriň ulanylmalydygyna ünsi çekdi.
Işewür bilelikde amala aşyrylýan taslamalaryň ýurduň gurluşyk we senagat kuwwatlyklarynyň artmagyna mynasyp goşantdygyny duýmagyň özleri üçin uly buýsançdygyny belläp, mundan beýläk-de, Türkmenistanda şähergurluşyk maksatnamasynyň çäklerinde özlerine ynanylan gurluşyk işleriniň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.
Şeýle hem Bouygues Turkmen kompaniýasynyň baş direktory Alekseý Reşow Gahryman Arkadag bilen bolan duşuşygyň dowamynda häzirki döwürde wekilçilik edýän kompaniýasynyň ýerine ýetirýän gurluşyklary we geljekde alnyp barmaly işleriň meýilnamasy barada hasabat berdi.
Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gurbanguly Berdimuhamedow ýurtda bina edilýän önümçilik we durmuş maksatly desgalaryň gurluşygynda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň, binalaryň bellenilen möhletlerde ulanmaga berilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyna ünsi çekdi. Şunda gurluşyk işlerinde ulanylýan serişdeler berklik, uzak möhletleýinlik derejesine doly laýyk gelmelidir we ýerli tebigy aýratynlyklara, ýurduň ekologiýa ýagdaýyna möhüm ähmiýet berilmelidir.
Bu barada aýtmak bilen, Gahryman Arkadag gurluşyk işlerinde milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesiniň utgaşdyrylmalydygyny aýratyn belläp, kesgitlenen wezipeleri netijeli ýerine ýetirmekde işewüre üstünlik arzuw etdi.