21-nji maýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasyna bardy hem-de goňşy ýurduň wekillerine duýgudaşlyk bildirdi. Gahryman Arkadag şu agyr pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna ýürekden gynanjyny, medet beriji sözlerini beýan etdi. Bu barada TDH habar berýär.
Milli Lider Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasyna baryp, bu ýerde goňşy ýurduň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani bilen gürrüňdeş boldy.
Hajy Arkadag doganlyk Eýranda agyr betbagtçylygyň bolandygyny aýtdy. Şehit bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hormatly Prezidentiň adyndan hem-de hut öz adyndan, türkmen halkynyň adyndan gynanç sözlerini beýan etdi. Şeýle hem Gahryman Arkadag türkmen-eýran dost-doganlygynyň mizemez nyşany hökmünde Hatyra kitabynda ýazgy galdyrdy.
Hajy Arkadag Eýran Yslam Respublikasynda bolup geçen dikuçar heläkçiligi baradaky habaryň çuňňur gynanç duýgusy bilen kabul edilendigini aýdyp, bu pajygaly heläkçilikde goňşy ýurduň Baştutany Seýed Ebrahim Raisiniň aradan çykandygyny belledi.
Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani wagt tapyp ilçihana gelendigi hem-de eýran halky üçin şu agyr pursatda medet beriji, ruhlandyryjy sözlerini aýdandygy üçin türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa eýran halkynyň we Hökümetiniň adyndan, hut öz adyndan tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.