Gurbanguly Berdimuhamedow Er-Riýadda geçirilen “Bitewi suw” sammitine gatnaşdy

Gurbanguly Berdimuhamedow Er-Riýadda geçirilen “Bitewi suw” sammitine gatnaşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow çarşenbe güni Saud Arabystanynyň Er-Riýad şäherinde geçirilen halkara “Bitewi suw” sammitine gatnaşdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow sammitdäki çykyşynda ýurtda häzirki zaman suw tygşytlaýjy we “ýaşyl” tehnologiýalary ornaşdyrmagyň möhüm ähmiýetini nygtady. Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň tebigaty goramak babatda öňdebaryjy ylmy gazanylanlardan işjeň peýdalanýandygyny, munuň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belledi. Bu barada Saud Arabystanynyň resmi metbugaty habar berýär.

Gurbanguly Berdimuhamedow suw serişdelerini netijeli ulanmak boýunça ýurduň goňşy döwletler bilen hyzmatdaşlygy ösdürmekdäki tagallalaryna ünsi çekdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri suw serişdeleri babatda Türkmenistanyň alyp barýan syýasatynyň möhüm ýörelgeleri bilen tanyşdyryp, sebitde suw serişdeleriniň dolanyşygyny mundan beýläk-de gowulandyrmak üçin birnäçe teklipleri öňe sürdi.

Sammitde Saud Arabystany Patyşalygynyň Mirasdüşer şazadasy, Premýer-ministr Muhammed bin Salman Al Saud, Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti Emmanuel Makron, Bütindünýä banky toparynyň ýolbaşçysy Ajaý Banga, Suw serişdeleriň ykdysadyýeti boýunça ählumumy komissiýanyň (GCEW) başlygy Ýohan Rokster, döwletleriň we halkara guramalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriň hem-de kompaniýalaryň ýolbaşçylary çykyş etdiler.

“Bitewi suw” sammiti bu suw serişdelerini durnukly dolandyrmak meselelerine bagyşlanan halkara çäredir. Suw serişdelerini goramagyň möhüm ähmiýetine ünsi çekmek, suw üpjünçilik we lagym suwlary bilen bagly meseleleri çözmekde innowasion çemeleşmeleri maslahatlaşmak onuň baş maksadydyr.

Ýene degişli makalalar

Asylly işler rowaçlyklara beslenýär
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Er-Riýadda Bitewi suw sammitine gatnaşdy
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň “Bitewi suw” sammitindäki çykyşy
5-nji dekabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Gurbanguly Berdimuhmedow Saud Arabystanynyň Mirasdüşer Şazadasy bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Saud Arabystanynyň mirasdüşer Şazadasy bilen duşuşdy