Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Şawkat Mirziýoýew türkmen-özbek gatnaşyklaryny berkitmegi maslahatlaşdylar

Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Şawkat Mirziýoýew türkmen-özbek gatnaşyklaryny berkitmegi maslahatlaşdylar

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň penşenbe güni Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy. Söhbetdeşligiň barşynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny, şol sanda söwda, energetika we suw hojalygy ulgamlaryndaky gatnaşyklaryň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, söhbetdeşler türkmen özbek gatnaşyklarynyň okgunly ösdürilýändigini, ynanyşmagyň we özara düşünişmegiň ýokary derejessini bellediler.

Gurbanguly Berdimuhamedow özbek Liderine söhbetdeşligi geçirmek başlangyjy üçin minnetdarlyk bildirip, yzygiderli geçirilýän gepleşikleriň iki ýurduň halklarynyň arasyndaky doganlyk gatnaşyklaryň aýdyň beýanydygyny belledi.

Şawkat Mirziýoýew öz gezeginde hyzmatdaşlygy berkitmekde Türkmenistanyň goşýan goşandyny nygtap, hususan-da, gaz ulgamyndaky bilelikdäki taslamalaryň ähmiýetini belledi. Taraplar türkmen tebigy gazyny Özbegistana iberilişiniň möçberlerini artdyrmak, bu ugurda täze taslamalary durmuşa geçirmek barada ylalaşdylar.

Suw hojalygyndaky meseleler gepleşikleriň gün tertibinde möhüm orun eýeledi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň halkara hukuga, sebit ýurtlarynyň ählisiniň bähbitlerini hasaba almak we bu ugurdaky maslahatlaşmalara ugurdaş halkara guramalary çekmek ýörelgelerine esaslanýan garaýyşlary barada durup geçdi. Özbek tarapy bu çemeleşmeleri doly goldaýandygyny beýan etdi.

Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyga hem-de ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirilişine aýratyn üns çekildi.

Söhbetdeşligiň ahyrynda Gurbanguly Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew doganlyk gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmäge taýýardyklaryny tassyklap, birek-birege döwlet işlerinde üstünlikleri arzuw etdiler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenler Gürjüstandaky protestler, özbek häkimiýetleriniň 'maşgala dawalary' barada pikir alyşýar
Günbatar Merkezi Aziýadan gelýän zähmet migrantlarynyň mümkinçiliklerini seresaplylyk bilen giňeldýär. Mundan näme netije çykar?
Özbegistanyň Prezidenti Aşgabada iş sapary bilen geldi
Gepleşik, gepleşik, gepleşik... Türkmen-özbek gepleşikleri iş ýüzünde nähili netije berýär?
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň we Ermenistanyň täze bellenilen ilçilerini kabul etdi
Şawkat Mirziýoýew Serdar Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 29 ýyllygy bilen gutlady