Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Şawkat Mirziýoýew täze bilelikdäki taslamalary maslahatlaşdylar

Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Şawkat Mirziýoýew täze bilelikdäki taslamalary maslahatlaşdylar

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň duşenbe güni Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen telefon söhbetdeşligi boldy. Onuň barşynda ozal gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişi we geljekde amala aşyryljak bilelikdäki taslamalar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, taraplar hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny, şol sanda söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag-kommunikasiýa we oba hojalyk ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar.

Taraplar Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň oňyn ösüşini, medeni-ynsanperwer ulgamdaky üstünlikleri nygtadylar.

Gurbanguly Berdimuhamedow öz gezeginde Özbegistanyň wekiliýetiniň beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilen halkara foruma gatnaşandygy üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” atly ýubileý medaly bilen sylaglanmagy bilen Şawkat Mirziýoýewi gutlady.

Türkmen halkynyň Milli Lideri hoşniýetli goňşuçylyga we özara ynanyşmaga esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň berkidilmegine möhüm ähmiýet berilýändigini belledi.

Telefon söhbetdeşliginiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew birek-birege berk jan saglyk, jogapkärli döwlet işlerinde üstünlikleri, iki ýurduň doganlyk halklaryna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk we gülläp ösüş arzuw etdiler.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda Magtymguly Pyragynyň özbek dilindäki goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy
15-nji oktýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy
Gurbanguly Berdimuhamedow halkara foruma gatnaşandyklary üçin dünýä Liderlerine minnetdarlyk bildirdi
Dünýä Liderleri Aşgabatdaky forumda Magtymguly Pyragynyň goşandyna ýokary baha berdiler