Gurbanguly Berdimuhamedow baýramçylyk mynasybetli Aşgabada gelen resmiler bilen duşuşdy

Gurbanguly Berdimuhamedow baýramçylyk mynasybetli Aşgabada gelen resmiler bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli guralýan baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Kataryň Atçylyk federasiýasynyň Baş sekretary Şeýh Ahmad bin Nuh Al-Tani hem-de Ýewraziýa atly sport assosiasiýasynyň prezidenti M.Seçina bilen aýratynlykda duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Kataryň Atçylyk federasiýasynyň Baş sekretary Şeýh Ahmad bin Nuh Al-Tani bilen geçirilen duşuşyk:

Duşuşygyň dowamynda Kataryň Atçylyk federasiýasynyň Baş sekretary Arkadag şäheriniň Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyna sebitde atly sport boýunça ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda ähli mümkinçilikleri we amatlyklary bolan ilkinji halkara akademiýa hökmünde Aziýa atly sport federasiýasynyň Hormat şahadatnamasyny gowşurmagyň özi üçin uly mertebedigini nygtady.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyna Hormat şahadatnamasyny gowşurandygy üçin myhmana minnetdarlyk bildirdi. Şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň gözelligi we ýyndamlygy bilen dünýäde tanalýan ahalteke bedewleriniň asyl mekanydygyny aýdyp, Kataryň Atçylyk federasiýasy bilen işjeň gatnaşyklary ýola goýmagyň ägirt uly geljeginiň bardygyna ünsi çekdi.

Ýewraziýa atly sport assosiasiýasynyň prezidenti Marina Seçina bilen geçirilen duşuşyk:

Duşuşygyň barşynda Ýewraziýa atly sport assosiasiýasynyň prezidenti Marina Seçina Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň Türkmenistanda döredilendigi üçin Ýewraziýa atly sport assosiasiýasynyň Hormat şahadatnamasyny gowşurmagyň özi üçin uly hormatdygyny nygtady.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyna Ýewraziýa atly sport assosiasiýasynyň Hormat şahadatnamasynyň gowşurylandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow öz gezeginde atşynaslyk we atçylyk sporty babatda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy. Şeýle hem atly sporty ösdürmekde, ýaryşlary guramakda we türgenleri taýýarlamakda hyzmatdaşlygyň uly geljeginiň bardygyny belläp, bu ugurda özara tejribe alyşmagyň ähmiýetini nygtady.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli anna güni Arkadag şäherinde täze bilim edaralarynyň birnäçesiniň açylyş dabaralaryna gatnaşdy.

Ýene degişli makalalar

ПРЕЗИДЕНТ ТУРКМЕНИСТАНА ПРИНЯЛ УЧАСТИЕ В ОТКРЫТИИ НОВЫХ УЧРЕЖДЕНИЙ СФЕРЫ ОБРАЗОВАНИЯ
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyna halkara şahadatnamalar gowşuryldy
ABA ANNAÝEW ADYNDAKY HALKARA ATÇYLYK AKADEMIÝASY HALKARA ŞAHADATNAMASYNYŇ BIRNÄÇESINE MYNASYP BOLDY
Halaýan ýazyjy-şahyrlaryny mälim etdiler  
Russiýa, Ukraina Garşy Guraýan Hüjümlerini Dowam Etdirýär
Serdar Berdimuhamedowyň Kataryň Olimpiýa Komitetiniň prezidenti bilen duşuşmagyna garaşylýar